Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew rus habarlar agentligi TASS-a beren beýanatynda, Talibany terror guramalarynyň sanawyndan aýyrmak mümkinçiliginiň üstünde durup geçdi.
Dmitriý Medwedew: "21-nji asyryň başynda Talibany terrorçy, amerikalylary bolsa ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaş hökmünde garaýardyk. Indi bolsa ýagdaý tapawutly. Indi Taliban ýaňadandan hökümediň başynda we olar bilen doly hukukly gatnaşygy ýola goýmaga golaýladyk. Owganystanyň hökümedi Russiýa bilen konstruktiw diýalog amala aşyrmaga synanyşýar. Ony nähili derejede amala aşyrýandyklaryna baha bereris" diýip belledi.
Taliban 2003-nji ýylda Russiýanyň Ýokary Kazyýetiniň karary bilen gadagan edilen terror guramalarynyň sanawyna goşulypdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Adalat we Daşary işler ministrlikleriniň Kremle Talibany gadagan edilen terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyny teklip edendigini habar beripdi.
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Talibanyň Owganystanda hakyky güýçdügini beýan edipdi.