Medwedew ilkinji gezek Nadaly ýeňdi we ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň finalyna çykdy

Medwedew ilkinji gezek Nadaly ýeňdi we ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň finalyna çykdy

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Londonda geçirilýän tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň ýarym finalynda ispaniýaly Rafael Nadaly ýeňdi. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 5,7 million dollara barabar.

24 ýaşly rus tennisçisi 3:6, 7:6 (7:4), 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy.Medwedew Nadaly ilkinji gezek ýeňip gördi.Nadal ony ozal üç gezek ýeňipdi: birinji gezek geçen ýyl Kanadada geçirilen “Masters”-iň finalynda, soňra ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalynda, üçünji gezek bolsa geçen ýylky Jemleýji ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda.

Finalda Medwedew ýarym finalda dünýäniň ilkinji raketkasy serb Nowak Jokowiçi ýeňen awstriýaly tennisçi Dominik Tim bilen titul ugrunda ýaryşar.Medwedew Jemleýji ýaryşa ikinji gezek gatnaşýar, geçen möwsümde ol üç oýunda-da utulyp, öz toparçasynda soňky - dördünji orny eýeledi.

Bu möwsümde ol Jokowiçi, Aleksandr Zwerewi we argentinaly Diego Şwarsmany ýeňip, toparçasynda üç duşuşygynyň hemmesinde ýeňiş gazandy.Medwedew häzir dünýä reýtinginde dördünji orunda durýar we sekiz sany ATP-niň titulyna eýe.

Onuň görkezen iň gowy netijesi “Uly tuwulga” ýaryşlarynda geçen möwsüm ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalyna çykmagy boldy. 34 ýaşly Nadal guramanyň howandarlygynda 86 titula eýe bolup, ATP-niň reýtinginiň ikinji setirinde ýerleşýär. Şeýle hem ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňişleriň sany boýunça birinji orny şweýsariýaly Rojer Federer bilen paýlaşýar (20).

ATP-niň Jemleýji ýaryşy 1970-nji ýyldan bäri geçirilip, onda iň köp ýeňşi Federer gazandy - alty gezek. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi grek Stefanos Sisipasdyr.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy