Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Dmitriý Medwedew NATO sammitinde Ukraina berilýän ýarag kömekleriniň artdyrylmagy bilen bagly karara nägilelik bildirip: "Bu çykalgasy bolmaýan bir köçe. III Jahan urşy golaýlap gelýär" diýip nygtady.
Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Dmitriý Medwedew beren ýazmaça beýanatynda, Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçirilen NATO-nyň Liderler sammitiniň üstünde durup geçdi.
Ukrainanyň hiç haçan NATO kabul edilmejekdigini pikir edýändigini aýdan Dmitriý Medwedew: "Aslyna garanyňda alýansdaky hakykatlaryň gaty ses bilen aýdylmakdan gorkýan zatlary edil şol zat. Mundan başgada resmi Kiýewe ýarag goldawyny ýagny raketalar, kasset bombalary we uçarlar mümkin bolan ýagdaýda artdyrylar" diýip belledi.
Medwedew Günbataryň telbe bolandygyny belläp: "Günbatar, telbe boldy, başga hiç zat barada pikir edip bilenok. Bu çykalgasy bolmaýan bir köçe. III Jahan urşy golaýlap gelýär" diýip nygtady.
Ady agzalan netijeleriň, Russiýa üçin berýän manysynyň açyk-aýdyňdygyny aýdan Medwedew: "Ýörite harby operasiýa maksadalaýyk dowam eder. Şolaryň biri hem iň başyndan bäri aýdyp gelýän Kiýewiň nasist toparynyň NATO agzalygyndan ýüz öwürmegidir we ol hem mümkin däl. Şol sebäpli şol toparyň ýok edilmegi zerur we ol bolsa mümkin we zerurdyr" diýip aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, NATO-nyň Litwadaky sammitinde çap eilden jarnamada alýansyň Russiýa bilen konflikt etmeýändigi baradaky setirleri ýatladyp: "Elbetde NATO Russiýa bilen konflikt içinde däl. NATO oňa diňe goşulýar" diýip belledi.