MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

2022-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen forumyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetini açyp görkezmekden ybarat boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-16-njy awgustda geçirilen halkara maslahatda öňe süren täze başlangyçlarynyň ähmiýeti esasy garalan meseleleriň biri boldy.

Duşuşyga ugurdaş düzümleriň, teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgüdini işläp taýýarlamak ugrunda tagallalary jemlemekde möhüm orun eýeländigini bellediler. Şunda ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda oňyn başlangyçlary öňe sürüp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde köpşahaly multimodal üstaşyr ulag we sebit, yklym derejesindäki logistik düzümi döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyna üns çekildi.

Utgaşykly görnüşde guralan mediaforuma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, “TASS”, “TRT”, “Anadolu Ajansi”, “SNG+MIR/SNG+HYTAÝ”, “CGTN-Russian”, “Rossiýa 24” ýaly habarlar gulluklarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU), “AzTV”, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, “Korean Broadcasting System” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilçilikli forumyň öz wagtynda geçirilendigini hem-de onuň döwrüň talap edýän, ähli döwletleriň, esasan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin ähmiýetli bolan ulag arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täzeçil syýasy çözgütleri işläp taýýarlamak babatda möhümdigini aýratyn bellediler.

Mediaforuma gatnaşyjylar milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gezekki çäräniň ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak hem-de bu ugurda uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda netijeli mümkinçilik bolandygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkezinde mediaforum geçirildi
Mediaforum: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemleri
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?