Mederbek Satyýew Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi

Mederbek Satyýew Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Mederbek Satyýewi belledi diýip, ýurduň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär. Satyýewi bu wezipä Gyrgyz kazylarynyň Geňeşi hödürledi.

Täze ýolbaşçy Gyrgyzystanyň Milli uniwersitetini tamamlady. Dürli ýyllarda kazyýet ulgamynda ýolbaşçy wezipelerde işledi. 2024-nji ýylda Ýokary Kazyýetiň kazysy boldy.

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň öňki başlygy Zamirbek Bazarbekow şu ýylyň 9-njy oktýabrynda öz islegi boýunça işden gitdi. Bazarbekow möhletinden öň işden gitmeginiň sebäplerini mälim etmedi.

Ýene degişli makalalar

Žaparow gyrgyz diplomatiýasynyň 3 müň ýyl ýaşandygyny aýtdy
Medwedew Russiýanyň Taliban bilen bagly çemeleşmesi barada beýanat berdi
TÜRKMENISTANDA MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
ЧЕТВЕРТАЯ СЕКЦИЯ МЕЖДУНАРОДНОГО ФОРУМА КУЛЬТУРНО-ИСТОРИЧЕСКИЕ ОТНОШЕНИЯ ТУРКМЕНСКОГО И ИНДИЙСКОГО НАРОДОВ: ДРЕВНИЕ КОРНИ И СОВРЕМЕННЫЕ ПЕРСПЕКТИВЫ
Owganystan Meselesi Ýurtda Wagtlaýyn Şäriklik Hökümetiniň Gurulmagy Bilen Çözüler
Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady