MEDENIÝETMILLETIŇ MERTEBE TUGY

MEDENIÝETMILLETIŇ MERTEBE TUGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmengaz döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýetmilletiň mertebe tugy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň, geçirilmegi ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna oňyn şertler döredilmegi, her bir halkyň medeniýeti, sungaty şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenmeginiň aňyrsynda uly sazlaşygyň, manysynyň bardygyny, şahyryň nesilden-nesle geçip biziň günlerimize ýeten ajaýyp döredijiligi bilen dünýäni haýran galdyrýandygy türkmeni dünýä tanadan beýik danadygyny belläp, geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň şamçyragy
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Prezident halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlag iberdi
Kalplary ruhlandyrýan dabara
Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI