Şu gün paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy. Uly gyzyklanma döreden bu çäre dostluk baýramçylygyna öwrüldi hem-de iki halkyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi hem-de özara baýlaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli döredijilik çärelerini özünde jemledi. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan “Horwatiýa Respublikasynyň maddy däl mirasy” diýen fotosergi türkmenistanlylara Ýewropanyň bu ýurdunyň dürli sebitleriniň: Istriýsk ýarym adasynyň, Dubrownik şäheriniň, Hwar adasynyň we beýlekileriň gadymy medeni däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şolaryň görnüş hem-de çeperçilik taýdan özboluşlylygyny aýdym we tans däpleriniň, amaly-haşam hünärmentçiliginiň, milli aşhananyň aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar görkezildi.
Däp bolan horwat festiwallarynyň hem-de halk dabaralarynyň suratlary aýratyn ünsi çekdi.
Maksatnamadaky çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde myhmanlaryň wekiliýetinden bolan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirildi. Şonda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda 2014-nji ýylda gol çekilen Ähtnama esasynda ynsanperwer ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de sungaty söýüji köp sanly adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň gutlag sözi bilen çykyş eden wekilleri şu ulgamda milli medeniýetleriň hem-de netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän köptaraply hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiçe tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Horwatiýanyň meşhur pianinoçylary Iwan Krpanyň hem-de Paul Ropuşyň konserti dostluk baýramçylygynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Olar Klod Debýussiniň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Fransis Pulenkanyň hem-de horwat kompozitory we grek gelip çykyşly dirižýor Boris Papandopulonyň bütindünýä belli eserlerini ýerine ýetirip, öz ussatlygyny görkezdiler. Sazandalaryň şol täsin çykyşlary tomaşaçylaryň joşgunly elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde bolan çäreler türkmenistanlylara dostlukly ýurduň baý medeniýetini we sungatyny ýakyndan bilmäge, myhmanlara bolsa türkmen halkynyň täsin taryhy-medeni mirasy, Aşgabadyň gözellikleri hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýiniň ajaýyp gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde, ýurdumyzda Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy. Türkmen-horwat ynsanperwer gatnaşyklary dowam edýär.