Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar” mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi.Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy” atly arheologik sergä bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, GFR-niň uniwersitetleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň oňyn syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeldýändigini, “Margiana Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy” atly sergisiniň netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolmak bilen, ýewropalylaryň adamzat ösüşiniň ýyl ýazgysynda täze sahypalary açmagynyň ýolunda möhüm waka bolandygyny nygtadylar.Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu sergi Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde guraldy, 9-njy martda bolsa, Mangeým şäherindäki Raýs Engelhorn muzeýinde açyldy.

Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi.Türkmenistanyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklaryň daşary ýurtlarda görkezilmegi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny bütin dünýäde giňden wagyz etmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.Berliniň Täze muzeýindäki sergä 385 müňe golaý adam, Gamburgyň Arheologiýa muzeýine 8 müň 230 adam baryp gördi.

Ilaty 300 müň adama barabar bolan Mangeýmiň sergisiniň hem uly üstünlige eýe boljakdygy şübhesizdir diýip, duşuşyga gatnaşyjylar nygtadylar.Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, maglumat alyşmalaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleriň wekiliýetleriniň özara saparlary barada pikir alşyldy.

GFR-niň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary bilen hem iş maslahaty geçirildi.Onda iki ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, myhmanlar ýurdumyzyň ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň muzeý işi hünäri boýunça okaýan talyplary hem-de mugallymlary, muzeý işgärleri üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuw maslahatyny geçirerler.Medeni maksatnamada wekiliýetiň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, “Köneürgenç” taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere, Seýit Jemaletdin taryhy ýadygärligine hem-de “Gadymy Nusaý” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

12.03.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Medeniýet halkyň kalbydyr
Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
11.07.2019 | Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy