Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde, şeýle-de, etrap we obalaryň medeniýet öýlerinde işgärlerden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek üçin mejbury pul toplandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
Medeniýet işgärleri ýygnalan pullaryň Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde bolan ýer sarsgynynda ejir çekenlere ýardam hökmünde iberiljekdiginiň aýdylýandygyny gürrüň berýärler.
Ýerli medeniýet öýleriniň işgärleri zähmet haklarynyň tas ýarysyna çenli möçberde haýyr-sahawat gaznasyna meýletin geçirmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Jeren Sahadowa we Durdy Haýdarow diýlip tutulýan iki medeniýet işgäriniň her haýsysy özleriniň 1500 manat bolan zähmet haklaryndan 750 manat möçberinde haýyr-sahawat gaznasyna geçirmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.
“Oba medeniýet öýleriniň işgärleri bir müň manat aýlyga işleýärler, olar has kösenerler” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde 6-njy fewralda 7,8 ballyk we 7,5 ballyk güýçli ýer titremeleri boldy. Türkiýede we Siriýada bolan ýer sarsgynlarynda heläk bolanlaryň sany 45 müňden geçdi.
Hökümetçi neşirlere görä, 20-nji fewrala çenli Türkmenistandan Türkiýä dört gezek gumanitar ýardam iberildi. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji fewralda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, adam pidalaryna getiren tebigy betbagtçylyk zerarly, türk halkyna gynanç bildirdi. Munuň yz ýany, Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer ýardamlary ibermek işlerine girişildi.
Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasynyň ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ýygnalan ynsanperwer ýardamlaryň bir böleginiň 10-njy fewralda uçar bilen Türkiýä ugradylandygyny habar berýär.
Balkanly býujet işgärleri haýyr-sahawat üçin pul tölemekden boýun gaçyran işgärlere “işden boşatmak” haýbatynyň atylandygyny aýdýarlar.
“Kärdeşlerimiziň arasynda ýagdaýyny aýdanlar boldy, başlygymyz işden boşamak boýunça arzaňyzy ýazaýyň diýdi. Olar hem başga garaşyp duran iş bolmansoň, alaçsyz geçirdiler” diýip, býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Türkiýede 220 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleri adam pidalaryna getiren tebigy betbagtçylykda ejir çekenler üçin, ýurtda ýaşaýan türkmenleriň arasynda raýat başlangyçlary bilen ýardam kampaniýalarynyň gurnalandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň 29-njy martynda esaslandyryldy.Bu gurama Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasy atlandyryldy. Şol ýylyň aprel aýynda Berdimuhamedow özüniň bir aýlygyny haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirendigini yglan etdi. Ýurtda döwlet başlangyjy bilen haýyr-sahawat guramasynyň esaslandyrylmagynyň yz ýany, türkmen häkimiýetleri raýatlardan özleriniň zekat we pitre sadakalaryny bu haýyr-sahawat guramasyna geçirmegi talap edip başlady.
Ýatlasak, mundan ozal, Azatlygyň ýerli habarçylary 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde raýatlardan zekat we pitre sadakalaryny Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasyna geçirmegiň talap edilip başlanandygyny habar berdiler.
Bu haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan ilkinji gurama bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurtda uly Berdimuhamedowyň şahsyýeti kulty has-da dabaralandyrylyp başlandy. Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynda gurulýan bir Çagalar sagaldyş merkezine-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak teklip edildi.
Ujypsyz aýlyk hakyna güzeran aýlaýan balkanly býujet işgärleri özlerinden mejbury ýagdaýda haýyr-sahawat serişdeleriniň ýygnalmagyna geň galýarlar.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, medeniýet işgärleri özleriniň hem “gumanitar ýardama mätäç galýandyklaryny” aýdýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Aşgabadyň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň merkezi banky haýyr-sahawat gaznasy üçin manatda, dollarda we ýewroda bank hasaplaryny açdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.