Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň esasy wakalary

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň esasy wakalary

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň bäşinjü gününde çäreler Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy.

Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

Sergide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi barada ýazylan ylmy-köpçülikleýin neşirler görkezildi, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.

Soňra kitaphananyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň kitaphana işi boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Kitaplary saklamak işini innowasion usulda ösdürmek, elektron neşirleri wagyz etmek, elektron maglumatlary, taryhy resminamalary, kitaplary uzak möhletleýin esasda saklamagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Soňra Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaraly çäre türkmenistanly sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy.

Agşam Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen Kompozitor atly çeper filmiň görkezilişi boldy diýip, TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

"Kompozitor" türkmen filmi "Gorkut ata" kino festiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy
TÄZE DÖWRÜŇ ÖSÜŞLERI BILEN SAZLAŞYKLY GADAM URUP
“Gorkut ata” kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň sanawy
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Hepdäniň täze animasiýalary
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler