Medeniýet hepdeligi—2019: dördünji gün

Şu günler Magtymguly etraby uly we köpöwüşginli döredijilik baýramçylygyna beslenýär. Şol ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti öz içine aldy.

Däp bolşy ýaly, irden foruma gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň ajaýyp ýerlerine gezelenç etdiler.Türkmen topragynyň her ädim ýeriniň gadymy siwilizasiýalaryň yzlarynyň hem-de umumadamzat ähmiýetli ösen medeniýetleriň subutnamalaryny özünde jemleýändigi hemmelere mälimdir. Şolar taryhyň dürli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginiň ugrunda jemlenen kuwwatly döwletleriň we iri şäherleriň bolandygyna, gurluşygyň ýokary derejesine, senetleriň ösendigine şaýatlyk edýär. Şol senetleriň esasynda bolsa halk amaly-haşam sungaty döredi we gülläp ösdi.

Biziň günlerimize çenli saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleri muňa şaýatlyk edýär.Balkan welaýatyndaky iň meşhur ýadygärlikleriň biri Dehistan ýa-da Maşat-Misseriandyr. Şol ýerde biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyryna çenli suwarymly ekerançylyk ösüpdir. Şeýle hem senetçileriň ýaşan we döreden toplumlary, köp sanly küýze ýasalýan ussahanalaryň, bag-seýilgäh desgalarynyň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Munuň özi biziň eýýamymyzyň ХIV asyryna çenli, ýagny, takmynan, üç müň ýyllap, Misserian jülgesinde suw egsilýänçä dowam edipdir. Özi-de, orta asyrlarda diňe bir meýdany 200 gektara golaý bolan dolandyryş merkezi däl, eýsem, tutuş şäher — galaly, gür ilatly welaýat Dehistan diýlip atlandyrylypdyr.

Häzirki döwürde munuň özi Magtymguly etrabynyň golaýynda ýerleşýän Etrek etrabyndaky Gadymy Dehistan döwlet taryhy-medeni goraghanasydyr.Baryp Х asyrda meşhur arap syýahatçysy al-Makdisi tarapyndan beýan edilen täsin binagärlik ýadygärlikleriniň hatarynda ýurdumyzda saklanyp galan iň gadymy desgalaryň biri bolan metjit bar.

Häzirki wagtda bu mukaddeslik Şir-Kabir ýa-da Maşat-Ata diýlip atlandyrylýar.Ençeme asyrlaryň dowamynda kerwenler Misserianyň üstünden geçipdir, şoňa görä-de, bu ýerde köp sanly kerwensaraýlaryň gurlandygy öz-özünden düşnüklidir.

Dehistanyň şäherleriniň özi hem köp babatda Horasandan Persiýa çenli uzalyp giden söwda ýollarynyň bolmagy netijesinde döräpdir. Şol ýollar Hazar deňzi bilen Köpetdagyň gerşiniň arasyndaky jülgeden, şol sanda häzirki Magtymguly etrabynyň çäginden geçipdir.

Bu ýerdäki obalaryň köpüsiniň ady gala diýen sözi öz içine alýar. Şol döwürlerde olaryň gurluşygy obalary hem-de kerwen ýollaryny goramak zerurlygy bilen bagly bolupdyr.Beýik akyldar Magtymguly Pyragy dogduk mekanyndan alyslarda bolanda, ХVIII asyrda Dehistanyň baýrynda bady-sabany görsem diýip ýazypdyr.

Beýik türkmen şahyrynyň ýaşan we döreden döwürlerinde Dehistanda hiç kim ýaşamandyr, ýöne şahyr, elbetde, Misserian metjitleriniň we minaralarynyň şekillerini görendir. Şolaryň keşbiniň akyldaryň öçmez-ýitmez setirlerinde öz beýanyny tapandygy tötänden däldir.

Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşlary bizi Köpetdagda ýerleşýän Magtymguly etrabyna alyp gidýär.Sumbar jülgesinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gadymy gymmatlyklaryň dürli görnüşleri ýüze çykaryldy.Adamlaryň gadymyýetde jaýlanan ýerleri bilen meşhur bolan Parhaý diýen ýerde keramika bilen bir hatarda, nusgawy gymmatlyklar — uzynlygy alty santimetre golaý biokoniki daş bezegleri we kümüş plastinkalaryň onlarçasy tapyldy.

Bäş müň ýylyň dowamynda öz ýerine ýetirýän işini we görnüşini üýtgetmedik bu gurallar türkmen halyçylarynyň häzirki zaman keserleriniň ilkinji nusgalarydyr. Şekillendiriş we bezeg, amaly-haşam sungatynyň eserleri bolan gadymy arhitektura ýadygärlikleri bize Türkmenistanyň çägindäki halyçylygyň we atçylygyň ösüşiniň taryhyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Meselem, Çendir derýasynyň boýundaky Bezegli jülgesinde has giçki döwürlerde ýaşan ilkidurmuş adamlarynyň gaýalaryň ýüzüne çeken şekilleri — dag geçileri, arharlary, düýeler, atlar we gylyçly esgerler bellige alyndy. Şu ýerden birnäçe kilometr uzaklykdaky ýerden ýaşy, takmynan, 10 — 11 müň ýyla barabar bolan daş heýkeli hem tapyldy.

Gadymy heýkellerde alymlar tarapyndan ideografik ýazuw görnüşi hökmünde baha berilýän suratlar we belgiler ýüze çykaryldy.Magtymguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň maslahatlar zalynda bolan Gadymy mirasymyz — milli buýsanjymyz atly ylmy-amaly maslahat maddy däl medeniýetiň gymmatlyklaryny öwrenmek meselelerine bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, taryhçy alymlar, etnograflar we medeniýeti öwrenijiler gatnaşdylar.Bellenilişi ýaly, dünýäde türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we giňden wagyz etmek bu ulgama örän içgin üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegidir.

Bu ulgamda geçirilen düýpli işler 2015 — 2020-nji ýyllarda maddy däl medeni mirasyň derňelmegine we aýawly saklanylmagyna öz täsirini ýetirýär.Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu maksatnamany durmuşa geçirmek işi dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we ýerli häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagyny göz öňüne tutýar.

Ol Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.Asyrlaryň jümmüşinden bize gelip ýeten halk döredijiligi, däp-dessurlar we dini ynançlar, adatlar, baýramçylyklar, durmuş gurallarynyň we halk bezeg amaly-haşam sungatynyň önümleriniň tehnologiýasy, saz gurallary, milli binagärlik we çeperçilik däpleri, aýdym-saz sungaty, tanslar — bularyň hemmesi türkmen halkynyň mirasynyň uly bölegini düzýär.

Maslahatda alymlar tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryna yzygiderli guralýan ylmy saparlaryň netijeleri hakynda hem maglumatlar aýdyldy.Ruhy gymmatlyklara eýe bolan ylmy maglumatlary toplamak, şeýle hem beýleki halklaryň medeniýetinde öz meňzeş nusgalary bolmadyk türkmen däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, amaly-haşam sungatyny, halkyň ýaşaýşynyň we durmuşynyň keşbini döretmäge kömek berýän bahasyz gymmatlyklary, az belli bolan we öwrenilmedik maddy däl medeniýetiň görnüşlerini ýüze çykarmak olaryň wezipelerine girýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda maddy däl ruhy mirasy gorap saklamak ulgamynda medeniýetleriň özara baglanyşygyny, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň we çeper eserleriniň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.Belli bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dessan sungatynyň ajaýyp nusgasy hökmünde Görogly eposy hem girizilendir.

Halkyň zehini we parasady bilen dörän Görogly eposy asyrlaryň dowamynda oňa ruhy şamçyrag, watançylygyň, adalatlylygyň we gaýratlylygyň mekdebi bolup hyzmat etdi.Göroglynyň gahrymançylygy, bagşyçylygy we sazandarlygy barada aýdylan aýtgylar dilden-dile geçirilip gelinýär.

Küştdepdi sungaty hem milli baýlygyň düzümine girýän gymmatlykdyr.Döwlet derejesinde geçirilen degişli işlere laýyklykda, küştdepdi aýdym we tansy dessury ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň her bir welaýatynda häzirki wagtda halkyň gymmatlygyna, her bir milli baýramçylygyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen küştdepdiniň özboluşly ýerine ýetirilişi bar.

Bu sanawda köp müňýyllyklaryň dowamynda öz durmuşa ukyplylyk many-mazmunyny saklap gelen ajaýyp Nowruz baýramy hem bar.Zeminiň oýanmagyny, tebigatyň dikeldilmegini aňladýan bu baýram halk döredijiliginiň köp sanly görnüşleriniň nesilleriň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ýüze çykmalaryny özünde jemleýär.

BMG-niň Kararnamasyna laýyklykda, bu baýram her ýyl Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we çeper eserleriniň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.Olaryň hatarynda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, Türkmen medeniýeti, Ile döwlet geler bolsa, Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, Gadamy batly bedew, Janly rowaýat, Atda wepa-da bar, sapa-da, Çaý — melhem hem ylham, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltlik eserler bar.

Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eserler türkmen halkynyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, halkymyzyň milli medeni aýratynlyklary, däp-dessurlar, adatlar, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşýan uly goşandyna çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär. Şol gün agşam maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselesiniň ara alyp maslahatlaşylmasy dowam etdirildi.

Gerkez obasynyň Magtymguly seýilgähinde uly türkmen toýy tutuldy.Bu ýerde milli ak öýler dikildi, däp bolan senetçilik önümleri we ajaýyp bezeg amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezilen sergi giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen bagşy-sazandalar bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler.

Gadymy mukamlar — ynsan ruhunyň joşguny atly konsert asyrlaryň jümmüşine aralaşyp giden aýdym-saz sungatyna halkyň nähili uly sarpa goýýandygy aýdyň göründi.Türkmen bagşylarynyň aýdym-sazlary türkmen medeniýetiniň tutuş düzümidir.

Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň we ýerine ýetirmekde her täze nesliň kämilleşdirmegi esasynda kemala gelen ýokary hünär derejeliligiň nusgasydyr.Häzirki wagtda bagşylaryň sungatynyň öwrenilýändigi, giňden wagyz edilýändigi halk bagşylaryna we aýdyjylaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly at döwlet tarapyndan tapawutlandyrylýan atlaryň hataryndadyr.Türkmen milli konserwatoriýasynda hem-de ýöriteleşdirilen sungat mekdeplerinde bagşylary taýýarlaýan bölümler bar.Döwlet Baştutanymyzyň öz kitaplarynyň birini Ile döwlet geler bolsa diýip atlandyryp, milli saz sungatyna bagyşlandygy ýöne ýerden däldir.

Milli Liderimiz türkmen mukamlarynyň owazlylygyny we aýratynlygyny uly söýgi bilen beýan etdi.Halypaçylyk ýörelgeleriniň yzygiderliligini we dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini yzarlady, türkmen bagşysynyň asyrlaryň dowamyndaky ornuny açyp görkezdi.

Konsertiň maksatnamasyna saz çalnyşy, dessan aýdylyşy, şeýle hem görnükli türkmen şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlar girizildi.Häzirki nesliň halk sazlaryny çalmagyň ýörelgelerini dowam etdirýändigini ýaş bagşylar aýdyň görkezdiler.Köpasyrlyk döredijilik ýörelgeleriniň esasynda emele gelen türkmen bagşylarynyň sungaty diňleýjilerde uly täsir galdyrýar.

Sazandalar halk döredijiligiň eserleriniň aýawly beýan edişleri, halk sazlarynyň gözelligini köpçülige ýetirişleri bilen bu toýdaky köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna eýe boldular.Nobatdaky döredijilik maslahaty Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

Gerkez obasynyň golaýyndaky Düýedaş jülgesinde ýaýbaňlanan baýramçylyk dabarasynda köp asyrlaryň dowamynda türkmen baýramçylyklaryna mahsus bolan däp-dessurlar janlandyryldy, halk aýdymlary we häzirki zaman estrada eserleri we şowhunly tanslar ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

25.06.2019 | Medeniýet hepdeligi—2019: dördünji gün
Türkmen arheologlary Dehistan gadymy ýadygärliginde geçirilen gözlegleriň netijeleri bilen tanyşdyrarlar
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi
Taryhy ýadygärlikleriň syýahatçylyga goşandy