Medeniýet halkyň ruhy baýlygy

Medeniýet  halkyň ruhy baýlygy

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýyşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär.

Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär.Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr.Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna goşulmagy, dünýä medeniýetiniň adamzat gymmatlygyna öwrülip, ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi, milli medeni gymmatlyklaryň mekany, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýäde ýene bir gezek belende göterdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet halkyň ruhy baýlygy” atly sergi gurnaldy.Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar.

Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, Şekillendiriş sungaty eserleri gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ş.Akmuhammedowyň, W.Maýkowskiniň ajaýyp nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlar bolan J.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň heýkel eserleri aýratyn orun alýar.

Mundan başga-da Döwlet muzeýiň suratkeş işgärleriniň nakgaş eserleri serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Şeýle-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň däp bolan durmuş esbaplary giňden görkezilýär hem-de zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary aýratyn gözellik berýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri serginiň görnükli ýerinde hem orun aldy.Hormatly Prezidentimize sowgat berlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini sergide synlamak bolýar.

Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik bilen beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler
Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Nakyllara öwrülen şygyrlar
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet halkyň milli hazynasy atly sergi gurnaldy