MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet halkyň kalbydyr atly maslahat we sergi gurnaldy.

Ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar.Milli medeniýetimiziň ösmegi üçin giň şertler döredilen zamanada, dünýä derejesine laýyk gelýän muzeý binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen halkynyň taryhy tapyndylaryny ylmy taýdan öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, ýaş nesillerimizi ata-balarymyzyň gymmatly ruhy medeni-mirasyna hormat goýmak, ruhunda terbiýelemek muzeý işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.

Gözbaşyny gadymy müňýyllyklardan alyp gaýdýan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý, Merw, Köneürgenç medeniýetleri boýnunda dür hazynany saklap oturan ruhy çeşmedir.Taryha çuňňur göz ýetirmek şu günüň ruhy dünýäsini açyp görmekdir.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary halkyň kalbynda ýaňlanýar.Magtymguly Pyragynyň şygryýet ussatlygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandy.

Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, haly önümleri, el işleri, şaý-sepler, zähmet gurallary, dokma gurallary, keramika önümleri, taryhy gymmatlyklardan tapyndylar, kitaplar, etnografiýa zalyndaky milli gymmatlyklar, türkmen durmuşyndan söz açýan nakgaş eserleri, Magtymguly Pyragynyň heýkeli, keramika önümler şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.

Milli mirasymyza giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

10.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar