Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 4-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde medeniýet boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa şu aýyň dowamynda geçiriljek medeni çärelere we dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Abdyýewanyň sözlerine görä, 1 — 10-njy ýanwary aralygynda bütin ýurt boýunça, şol sanda çagalar sagaldyş merkezlerinde Täze ýyl mynasybetli dabaralar geçirilýär.
5-nji ýanwarda ýaş zehinlere Gulbaba adyndaky baýragy gowşurmak dabarasy bolar.
9-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen we polipropilen önümleri öndürilýän kärhananyň hem-de ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini öndürmäge niýetlenen ýyladyşhananyň açylyşy bolar.
Şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek çärelere badalga berler.
14-nji ýanwarda Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler.
27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler bolar.
TDH-nyň habar bermegine görä, “prezident Berdimuhamedow ýurtda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we döredijilik çäreleriniň milli köpöwüşginli sungaty we halkyň baý mirasyny giňden açyp görkezmelidigini hem-de wagyz edilmegini şertlendirmelidigini belledi”.
Belleýäris, bu çäreler geçirilende köpçülik sahnalaryny adamdan doldurmak üçin meýletin-mejbury ýagdaýda býujet edaralarynyň işgärleri we studentler, okuwçylar we pensionerler çekilýär.