Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda Medeni miras - ruhy baýlygymyzyň çeşmesi ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ýaşlary terbiýelemekde, edebi mirasymyzyň görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda döreden, milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýandygy, türkmen gelin-gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda meşhurdygy, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem keşdeçilik sungatymyzyň dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellemek bilen keşde çekmek türkmen halkynda ene-mamalarymyzyň arzyly hünärleriniň biridigi, olaryň bagtyýar durmuşymyza ýaraşyk berýänligi, häzirki döwürde hem sünnälenip bejerilen nagyşlar bilen bezelen owadan lybasly gelin-gyzlarymyzy göreniňde, olaryň el hünäriniň gözelligini haýran galdyrýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşlik Miras teleýaýlymynyň Medeni miras gepleşigine ýazgy edildi.
Medeni-mirasymyza, hormat-sarpasy belent bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.