Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnal halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalaryny, Türkmenistanda taryh ylmynyň nazaryýet meselelerini öwrenmegiň netijeleri barada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň makalalar tapgyryny çap etmegi dowam edýär. Žurnalyň nobatdaky sany döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine we Türkmen sährasy — 2019 atly halkara awtosergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açylýar.
Milli Liderimiziň Gutlagynda bu çäreleriň sebit we ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny we söwda, ulag-üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigine ynam bildirilýär. Şeýle hem žurnalyň ilkinji sahypalarynda milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Gutlagy ýerleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belleýär.
Açyşlar we täze işläp düzmeler diýen bölümde Merw — Hyrat edebi mekdebi hakyndaky makalanyň awtory onuň XV — XVI asyrlaryň türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeländigi barada gürrüň berýär.Bu mekdebiň görnükli wekilleri, şol sanda Zahyreddin Muhammet Babyr, Huseýin Baýgara, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Lutfy we beýlekiler öz eserlerini lirikanyň dürli žanrlarynda iki dilde — türkmen we pars dillerinde döredipdirler.
Bu gadymy ýazyjylaryň döredijiligi medeniýeti ösdürmekde, hususan-da, Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň edebi ugruny ösdürmekde öçmejek yz galdyrdy.Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlaryna milli medeni mirasymyzy häzirki zaman ylmynyň nukdaýnazaryndan düýpli öwrenmegi maslahat berýär.
Makalanyň awtory gadymy türkmen halkynyň wekilleri — Baba Söwdaýynyň we Ruhy Ýazyrynyň döredijilik mirasyna täze ylmy-nazary garaýşy, olaryň bahasyna ýetip bolmajak ýazuw çeşmeleri bolup durýan eserleriniň filosofiýa esaslaryny we kyssalaryny öwrenmegi teklip edýär. Şeýle hem şol bölümde Özbegistandan bolan alymyň Ýasawylyk mekdebiniň şahyrlarynyň döredijilik aýratynlygy atly makalasy çap edildi.
Onuň esasyny goýujy tarapyndan Hikmet žanrynyň düýbi tutuldy. Şahyryň şygyrlary paýhasly sözleri beýan etmegiň nusgasyna öwrüldi.Mundan başga-da, Ýasawy mekdebiniň ýazyjylary kasyda we şygryýet görnüşlerinde öz ussatlyklaryny artdyrypdyr diýip, makalanyň awtory belleýär.
Türkmen diliniň ilkinji ylmy grammatikasynyň we terjime sözlüginiň neşir edilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanan makalalar hem hünärmenlerde gyzyklanma döretse gerek.Onda türkmen diliniň gözbaşynda duran XX asyryň görnükli dilçileriniň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berilýär.
Sözlügiň neşir edilmegi türkmen edebi diliniň leksikasyny has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr.Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary diýen rubrikada ýerleşdirilen Bedew türkmenleriň taryhynda atly makalada türkmeniň milli mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak meselelerine seredilýär. Şol meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär we bu mowzuga öz kitaplaryny bagyşlaýar.
Makalanyň awtory arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi netijesinde ýüze çykarylan ýazuw çeşmelerine we tapyndylara esaslanyp, atçylygyň taryhy boýunça gyzykly maglumatlary, şu mowzuga degişli nakyllary, atalar sözüni we aforizmleri mysal getirýär. Žurnalyň sahypalarynda biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy Orta Aziýa golýazmalarynyň gaýyş jiltlerini rejelemek hakynda makala çap edildi.
Onda golýazma resminamalaryny ýygnamak, aýawly saklamak, öwrenmek, terjime etmek we çap etmek boýunça hünärmenleriň alyp barýan işleri barada gürrüň berilýär. Ýönekeý we ulanmak üçin amatly bolan türkmen golýazmalaryny jiltlemegiň aýratynlyklaryna uly üns berilýär.
Olaryň aglabasynyň düzüm böleginiň bezelişinde belli bir reňkler bolup, olara altyn çaýylmadykdyr.Neşiriň nobatdaky sany ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçýän, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyga tarap ýöredýän ugrunyň yzygiderliligini açyp görkezýän wakalara berilýän syn bilen jemlenýär.
Okyjylar ondan täze kitaplar barada hem maglumat alyp bilerler. Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň çeken we surata alan dürli reňkli suratlary, seýrek duş gelýän arhiw materiallary we kartografik suratlar bilen bezeldi.