Medeni miras adamzadyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň köp asyrlyk medeni mirasyny hem-de taryhy ýadygärliklerini öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.Golaýda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, şeýle hem “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çägindäki Mäne babanyň kümmetinde arheologiýa arassalaýyş işleri geçirilýän mahalynda XIII asyra degişli medeni gatlakdan bir goşawuç teňňe tapyldy.

Asyrlaryň dowamynda çyg topragyň astynda ýatandygy sebäpli teňňeler poslap, biri-birine ýelmeşip gidipdir, şoňa görä-de olaryň ýüzündäki ýazgylary okamak mümkin däl.Bu kümüş dirhemler ýörite barlaghana şertlerinde hünärmenler tarapyndan arassalanylandan soň, olaryň dürli görnüşde zikgelenendigi ýüze çykaryldy.

Tapylan kümüş dirhemleriň jemi sany 91 bolup, olaryň 47 sanysynyň ýüzünde 1265-1282-nji ýyllarda Ilhanylar döwletini dolandyran Abaga hanyň ady, ýene-de 36 sanysynyň ýüzünde Argunyň ady ýazylypdyr.

Bu at bilen şol döwürlerde sebitiň taryhynda yz galdyran iki sany belli şahsyýet bolan.Biri 1284-1291-nji ýyllarda Ilhanylar döwletiniň hökümdary Argun han we beýlekisi merkezi şäheri Merw bolan, Horasany dolandyran türkmen Argun şadyr.

Argunyň ady ýazylan iki teňňe täsinligi bilen numizmatlaryň ünsüni has hem özüne çekdi.Olaryň biriniň arka tarapynda ýolbarsyň, beýlekisinde bolsa öküze meňzeş jandaryň şekili bar.Hünärmenleriň bellemegine görä, şulara kybapdaş şekiller şol döwürde Horasanyň meşhur şäherleriniň zikgehanalarynda zikgelenen teňňelere mahsusdyr.

Ylmy-barlagçylaryň käbirleriniň çaklamalaryna görä, teňňelerde gündogar müçe senenamasy boýunça olaryň haýsy ýylda zikgelenendigini aňladýan haýwan şekillendirilipdir.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Mäne şäherine şöhrat getiren zat bazarlar bilen kerwensaraý däl-de “Halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan sopyçylyk akymynyň meşhur şyhy Abu Seýit Abul Haýryň kümmeti bu şäheri bütin musulman dünýäsinde şöhratlandyran iň esasy ýadygärlik bolup durýar”.

Bu şahsyýet we ol baradaky rowaýatlar hakynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynda ýazýar, ikinji kitabynda bolsa tutuş bir bölümi “Keramatly Mäne babanyň mekany” ady bilen ýerleşdirdi.

Biziň günlerimizde Mäne babanyň kümmeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde, gadymy Mäne şäheriniň arheologiýa galyndylarynyň çetinde ýerleşýär.Türkmen-seljuk döwletiniň ilkinji soltanlaryna ak pata beren beýik pir Mäne babanyň kümmeti elmydama halk we hökümdarlar tarapyndan alada bilen gurşalypdyr.

Taryhçylaryň ýazgylarynda bu mukaddes kümmete Soltan Sanjaryň aýratyn hormat goýandygy barada maglumatlar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler
14.07.2019 | Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler
Ankara kazyýeti Aşgabatda COVID-19 bilen aradan çykan türk diplomatynyň aýalynyň şikaýatyny kabul etdi
Aşgabatda COVID-19-dan ýogalan türk diplomatynyň aýaly prokuratura şikaýat edýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy