Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar

Asyrlaryň dowamynda türkmen we tatar halklary doganlyk gatnaşyklary saklap gelýärler. Olary ruhy däpler, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýär. Türkmenistanda hem-de Tatarystanda aýratyn şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän, aýalyp saklanýan milli baýramçylyklar munuň aýdyň beýanydyr. Olarda halklaryň ajaýyp ýörelgeleri, aýdymlary, tanslary, özboluşly däp-dessurlary bir ýere jemlenýär.

Ýakynda ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi.Bu sungat baýramçylygynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen türkmen-rus ynsanperwer dialogyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti uludyr.

Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeperçilik sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Medeniýet günleriniň çäginde Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmaklarynda giň gerimli konsert ýaýbaňlandyryldy.Baýramçylyk konsertinde artistler sazyň, aýdymdyr tansyň bitewi sazlaşygy arkaly tomaşaçylara tatar halkynyň milli ruhuny açyp görkezdiler.

Konsert milli tatar sungatynyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy.Onuň maksatnamasy tatar halkynyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp saz eserlerinden, özboluşly aýdym, tans, halk döredijilik çykyşlaryndan ybarat boldy.

Tatar sungat ussatlary tomaşaçylara özleriniň ussatlyklaryny we ýürekleriniň joşgunyny görkezdiler. Olaryň çykyşlary şowhun bilen garşy alyndy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan tatar amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriniň fotosuratlarynyň sergisi dabara aýratyn bezeg berdi.

Bu ýerde häzirki zaman senetçileriniň işleri, şol sanda milli lybaslaryň zerli keşdeleri, zergärler tarapyndan taýýarlanan nepis şaý-sepler, neçjarlaryň eserleri, kalligrafiýa sungaty, derä çekilen şekiller, milli nagyşlar görkezildi.Häzirki döwürde bu senetler okgunly ösüş ýoluna düşdi.

Halk senetçileri milli nagyşlary we däp bolan usullary peýdalanmak bilen, döwrüň ruhuna gabat gelýän sungat eserlerini döredýärler hem-de olary nesilden-nesle geçirýärler.

Mälim bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagty Bütindünýä mirasynyň şäherleriniň sanawyna girizildi we ÝUNESKO-nyň diplomlarydyr medaly bilen sylaglandy. 2009-njy ýylda Kazan şäherine resmi taýdan Russiýanyň üçünji paýtagty diýip atlandyrmak hukugy berildi. Sergide ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş sungaty eserleriniň, Tatarystanyň häzirki döwürde gazananlaryna, taryhyna, onuň paýtagty Kazana Ýewropanyň we Aziýanyň serhedinde ýerleşýän gadymy şähere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi gözden geçirilişiň üstüni ýetirdi.

Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we Mary şäherinde ýaýbaňlandyryldy. Dostlukly ýurduň sungat ussatlary Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş etdiler hem-de Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konserti görkezildi.

Paýtagtymyzda ýerleşýän Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek atly tegelek stol duşuşygy guraldy. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de, Ibn Fadlan we Tarlan kinofilmleriniň görkezilişi boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti hem geçirildi. Şeýle hem medeni maksatnamanyň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy, Aşgabat kinoteatrynda Isenmesez atly çeper filmiň görkezilişi boldy.

Kerem Annaorazow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Burak Özçiwit aýaly Fahriýe Ewjen bilen Moskwa bardy
Türkiýäniň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar
Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Sami Naseri Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar
Kinoteatlarda 10 — 15-nji oktýabrda görkeziljek filmler
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi