McLaren-iň ýokary tizlikli ulagy

McLaren kompaniýasy üsti açylýan iň kuwwatly ulagy 765LT Spider modelini köpçülige görkezdi.Täze model geçen ýyl diňe 765 sanysy öndürilen we ählisi satylan 765LT coupe ulagynyň üsti açyk görnüşidir.

Coupe modeliniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän Spider-yň agramy öňki modelden 50 kilogram köp.Ulagyň üsti sagatda 50 kilometrden pes tizlikde barýan wagty 11 sekuntda açylýar.Spider-den hem edil dogany ýaly 765 sanysy öndüriler. Şu ýyl öndürilip gutaryljak ulagyň ählisi eýýäm satylypdyr.

Ulagyň 4.0 litrlik goşa turboly V8 motory bar. Awtomat tizlik geçirijisi bolan ulag 0-dan 100 km/sagat tizlige 2,8 sekuntda ýetýär. Ulagyň ýokary tizligi 330 km/sagat. Bu bolsa kompaniýanyň üsti açylýan iň ýokary tizlikli ulagy diýmegi aňladýar.

Ýene degişli makalalar

“McLaren”-iň iň tiz ulagy
Ussat aktýor 6 ýyldan soň “Hollywood”-a dolanýar
2018-nji ýylda iň köp satylan oýunlar
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
“PlayStation 5” noýabrda satuwa çykarylar