Mbappeniň tanyşdyryş dabarasyna 80 müň janköýer gatnaşdy

Ençeme ýyldan bäri Kilian Mbappeniň “Real Madride” transfer boljakdygy barada habarlaryň şaýady bolan janköýerler ýaz aýlarynda fransiýaly oýunçynyň ispan toparyna geçýändigini resmi ýagdaýda öwrenipdiler.

Ine, bu günki gün bolsa, şol hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy.Ozal habar berlişi ýaly, Kilian Mbappeniň tanyşdyryş dabarasy uly şowhuna beslendi.Fransiýaly futbolçy özüni 5 ýyllap “Real Madridiň” oýunçysy bolmaga ygtyýar berýän şertnama gol çekdi.

Onuň näçe hak aljakdygy häzirlikçe resmi mälim edilmedi.

80 müň futbol janköýeriň gatnaşan dabarasynda klubuň prezidenti Florintina Perez fransiýaly oýunça ýüzlenip: Öz öýüňe hoş geldiň. Bu ýere geleniň üçin köp sagbol. 18 ýaşyňda Dünýä Kubogyny gazandyň. Bu klub global klub. Bu stadionda bilelikde taryhy ýeňişlere şaýat bolduk. Bu stadion dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň mekanyna öwrülmegini dowam eder diýdi.

Mbappe bolsa özüniň çagalyk arzuwyna ýetendigini aýdyp: Arzuwym Real Madridiň düzümine goşulmakdy. Ýene bir arzuwym dünýäniň iň uly klubuna laýyk futbolçy bolmak. Munuň üçinem elimden geleni gaýgyrmaryn diýdi.

Toparyň ozalky futbolçysy hem-de tälimçisi Zinedin Zidan hem dabara gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Real Atalantany 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Mbappe Fransiýa EURO 2024-iň petegini gazandyrdy