Mbappe Fransiýa EURO 2024-iň petegini gazandyrdy

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde “B” toparçada Fransiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Niderlandlardan 2-1 hasabynda üstün çykdy.Duşuşykda fransuzlaryň gollarynyň ikisini hem 7-nji we 53-nji minutlarda Kilian Mbappe geçirdi.

Niderlandlaryň adyndanam 83-nji minutda Hartman tapawutlandy. Şunlukda, Fransiýanyň ýygyndysy 11-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýewropa çempionatyna yzly-yzyna 9-njy gezek gatnaşjak Fransiýanyň ýygyndysy toparçadaky 6 duşuşygyň ählisinde-de ýeňiş gazandy. 13 gol geçiren fransuzlar soňky duşuşyga çenli gol hem geçirtmändiler.

Duşuşykda 2 gol geçiren Mbappeniň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 42-ä ýetip, Mişel Platiniden öňe geçdi. Onuň öňünde Grizmann, Anri hem-de Žiru bar.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Gresiýanyň ýygyndysy Irlandiýany myhmançylykda 2-0 ýeňip, utugyny 13-e çykardy hem-de 2-nji orna çykdy. Grekler 16-njy oktýabrda öz meýdançasynda Niderlandlar bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Germaniýa Ispaniýany uly ýaryşda ýeňmek başardanok