“Mazda” elektroulag öndürmekçi

Ýaponiýanyň “Mazda” awtoulag öndürijisi 2027-nji ýylda ilkinji elektroulagyny öndürmegi maksat edinýär. Bu barada “Kyodo” habarlar agentligi habar berdi.

Maglumatlara görä, “Mazda” 2028-nji ýyldan başlap, şeýle görnüşli ulagyň önümçiligini yzygiderli artdyrmakçy. Şonuň ýaly-da, kompaniýa “Toyota” bilen hyzmatdaşlykda elektroulaglar üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmegi niýet edinýär.

Mundan başga-da “Nikkei” neşiri 2024-nji ýylda “Panasonic” korporasiýasynyň “Mazda”-ny elektroulaglar üçin niýetlenen batareýalar bilen üpjün edip başlajakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

LG kompaniýasy blu-ray pleýlerleriň önümçiligini bes etdi
Ýapon işewürligi ýurduň garraýan ilatyna uýgunlaşýar
“Panasonic” elektrokar batareýasyny öndürýär
Akylly şäherçe ulanylmaga berildi
Elektroulag satuwy görnetin artdy
Robotlaryň işleriniň ugurlary giňeýär
Blue Yonder-i satyn alar