Mazarçylykda ýaşaýan Sapargüle hem onuň çagasyna owgan türkmenleri eýe çykdylar

Mazarçylykda ýaşaýan Sapargüle hem onuň çagasyna owgan türkmenleri eýe çykdylar

Mazarçykda bir gyz çagasy bilen ýaşaýan Sapargül atly türkmen aýaly baradaky wideoýazgy Azatlyk Radiosynyň websahypasynda çykandan soňra, oňa hossar çykdylar.

Mazarlykda ýaşaýan aýalyň ol ýerden ýygnalyp alnandygyny owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy hajy Mustapaguly baý aýtdy.

Olary biz ýygnap aldyrdyk. Gabyrsytanda ýaşaýan türkmen gelnimizi öz doganymyzy ýygnap aldyrdyk. Ol häzir gabyrsytanda ýatanok, oňa eýe çykdyk. Hemmämiz eýe bolduk diýip, owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy aýtdy .

Meýdan komandiri Muhammet Nebiniň aýtmagy boýunça, Sapargülüň doganlary çagyrylypdyr. Olar Sapargüli obasyna alyp gidipdirler.

Hajy aganyň ýardam etmegi bilen şol aýal baradaky habar onuň doganlaryna baryp ýetdi. Doganlary ol aýaly obalaryna alyp gitdiler. Türkmenler bolup, biz bu ýagdaýa aýratyn seretmeli, biz jemlenişip, özli-özümize kömek berip ýardam etmeli diýip, meýdan komaniridi aýtdy.

Azatlyk Radiosynda wideo çap edilenden soň, mazarlykda ýaşaýan aýala eýe çykylandygyny owgan türkmenleriniň il ýaşulularyndan ýene biri Gulam Sahy Polat aýdýar.

Sapargül diýip, bir aýal bärde gybyrystanda ýaşaýan eken. Ol baradaky habar Azatlykdan çykandan soň, olaryň kowumlary gelip, onuň hemme zadyna biz eýe diýip, Sapargüli alyp gidipdirler. Biz Azatlyk Radiosyna minnetdar diýip, il ýaşulusy aýdýar.

Sahy Poladyň aýdyşyna görä, ýüz beren kynçylyklar sebäpli bu aýal mazarçylykda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Sapargüle bu agyr ýagdaýynda Mazary-Şerif şäherinde ýaşaýan türkmenlerem kömek edipdirler.

Bu bir kynçylyk-da, ol aýal adam naçar, aýala kyn, onuň çagasyna-da kyn. Azatlygyň çykyşyndan soň, olary gelip görüp, ýagdaýyny bilip, Mazary-Şerifde ýaşaýan türkmenlerem kömek etdiler. Biz olara-da minnetedarlygymyzy aýdýas - diýip, il ýaşulusy belleýär.

Gynansak-da, kömege mätäç bolan şeýle maşgalalaryň bardygyny hajy Abdylla hem mälim etdi.

Şolar ýaly sergezdan bolup ýörenler bar, Eýrandan gelýärler, başga ýerlerden gelýärler. Yzyndan sorap gelen bolsa eýe çykýarlar, eýe tapylmasa şeýle sergezdan bolup ýörler. Sapargül diýilýäniň habary bize ýitdi, oňa tiz eýe ykdylar diýip, hajy Abdylla aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanda orta telekeçilere ikinji gezek jerime töledilýär
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda