Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy

Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy

Şenbe güni Türkmenistan awiakompaniýasynyň ilkinji ýolagçy uçary Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabat şäherine ugrady. Ozal bu şäherleriň arasynda göni amala aşyrylýan yzygiderli ýolagçy gatnawy ýokdy.

Frankfurt howa menziliniň onlaýn tagtasynyň habaryna görä, T5 464 reýsi 17:10-da (ýerli wagt) bu ýerden ugrady. Boeing 777-200LR kysymly uçar (bort belgisi EZ-A779) ýekşenbe güni sagat 00:20-de Türkmenabat şäherine gondy. Uçuşyň dowamlylygy 5 sagat 30 minuta barabar boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen hepde Türkmenistan Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny gaýtadan ýola goýupdy.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlary Frankfurtyňbhowa menziliniň 2-nji terminalyndan her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Maýn boýundaky Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça uçuşy amala aşyrýarlar.

Maglumat üçin, Türkmenistandan Germaniýa gitjek ýolagçylar üçin bir petegiň bahasy 5,705 manada, Germaniýadan Türkmenistana ugraýan ýolagçylar üçin bolsa bir petegiň bahasy 6,070 manada deňdir. Ýolagçylar petekleri Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasyndan satyn alyp bilerler.

Şeýle hem, Türkmenistan awiakompaniýasy häzirki wagtda Moskwa (Russiýa), Kazana (Tatarstan, Russiýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa täze meýilnama boýunça uçar
Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar
Türkmenistan awiakompaniýasynyň peteklerini alty aý öňünden satyn alyp bolar