
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesus guramanyň Ženewadaky merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda Maýmyn mama pandemiýasy boýunça soňky görkezijileri beýan etdi.
Häzirki wagta çenli BSGG-nyň 78 ýurtdan 18 müň adamy bellige alanandygyny aýdan Gebreýesus; “Kesele ýoluganlaryň 70 göterimini BSGG-nyň Ýewropa sebiti, 25 göterimini bolsa Amerika sebiti emele getirýär” diýdi.
Gebreýesus kesellileriň 10 göteriminiň hassahana ýatyrylandygyny beýan edip; “Ýurtlar, halklar we adamlar bu howpa çynlakaý çemeleşip, ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli çäreleri görseler, epidemiýanyň öňüni alynar” diýdi.