Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar

Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş güni Sotheby's bäsleşikli söwda öýi bu Oýunlaryň gymmatlygyna öwrülen zatlaryň 50-den gowragynyň bäsleşikli söwdasyny gurar.

Euronews-yň habaryna görä, gymmatly lotlaryň biri 1964-nji ýylda ýene-de Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kanadaly meşhur türgen Garri Jeromyň geýen aýakgaplary hem bar. Nike kompaniýasy esasnaldyryjy Nill Bowermanyň hut özi tarapyndan taslanan bu aýakgabyň bahasynyň 800 müňden 1,2 million dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de bir ünsi çekäýjek gymmatlyk Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bolar. Meşhur basketbolçy bu aýakgaplary Olimpiada ― 1984-de geýdi.

Gymmatlyklar 23-nji iýuldan başlap, onlaýn satuwda goýlar.

Ýene degişli makalalar

Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi