Maýk Taýsonyň superkaryny satuwa çykardylar

Maýk Taýsonyň superkaryny satuwa çykardylar

Gooding&Company-niň söwda auksionyna ilkinji eýesi boksçy Maýk Taýson bolan, 1995-nji ýylda goýberilen Ferrari F50-ni satuwa çykararlar. Geçen menzili onçakly köp bolmadyk superkar örän oňat ýagdaýda saklanan. Ekspertler ony öňünden 5 000 000 dollar töweregi bahalaýarlar.

Taýson oňa 1996-1999-njy ýyllar aralygynda eýelik edipdir.Soňra, ýazgysyndan görnüşine görä, F50-niň ýene dürli ştatlardan ýedi eýesi bolupdyr.Häzir ulag 10 000 kilometr töweregi menzil geçen ýagdaýynda satlyga çykarylýar, toplumynda sary üçegi we gurallary bar.

Ulaga şu ýyl toplumlaýyn hyzmat edilipdir.Ferrari reňkleriň şu modele mahsus nusgawy sazlaşygynda ýerine ýetirilipdir: kuzowy zawoddan çykma al reňkli, gara salonynyň kürsüleri gyzyl urnatly. Ýygnalan F50-niň 349 sanysyndan bary-ýogy 55-si ABŞ-yň bazaryna niýetlenipdir. Şol sebäpli satylýan nusganyň bahasyny şol ýagdaý hem ýokary göterýär.

Ferrari F50-ni yzda oturdylan V12 howa hereketlendirijisi herekete getirýär.Iş göwrümi 4,7 litr bolanda ol 520 a.g.-ni we 471 Hm-i ösdürýär.Tizligini 100-e ýetirmek üçin, mehaniki korobka çalasynlyk bilen dolandyrylan ýagdaýynda, 3,7 sekund gerek bolýar.

Tizligiň ahyrky nokady 325 km/sag bellikde togtaýar.Superkarda ABS we destiň güýçlendirijileri ýok.

Ýene degişli makalalar

Taýsonyň ulagy satuwda
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)
Agyr agram boýunça dünýäniň iň ýaş çempiony
Super agyr agramdaky absolýut çempionlyk tutluşygynyň senesi belli boldy
Fýuri we Joşua 100 mln funt sterlinge durýan iki söweş şertnamasyna gol çekdiler