Maýa Sandu ikinji tapgyrda ýeňiş gazandy

3-nji noýabrda Moldowada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda häzirki Prezident Maýýa Sandu sesleriň 55,04 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Onuň ýakyn bäsdeşi, öňki baş prokuror Aleksandr Stoýanoglo bolsa, 44,96 göterim ses bilen ikinji orna eýe boldy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.

20-nji oktýabrda ýurtda guralan Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryndan soň, iki öňdebaryjy dalaşgäriň arasynda ikinji tapgyr geçirildi. Sebäbi Prezidentlik ugrundaky bäsleşige gatnaşan 11 dalaşgäriň hiç biri-de sesleriň 50 göterimden gowragyny gazanyp bilmedi.

Şeýle-de saýlawlaryň birinji tapgyry bilen birwagtda geçirilen sala salşykda Moldowa Respublikasynyň raýatlary Ýewropa Bileleşigine girmek baradaky teklibi goldadylar. Ýewropa bileleşigine goşulmak üçin ýurduň raýatlarynyň 50,3 göterimi ses berdiler.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyry geçiriler
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Moldowanyň Merkezi saýlaw topary Prezident saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi
Sandu birinji tapgyrda öňdeligi eýeledi
Sandu öňde barýar
Moldowada 11 dalaşgär hasaba alyndy