Maýa Musaskaýa we onuň türk toparyndaky netijeleri bilen bagly maglumatlar

Maýa Musaskaýa we onuň türk toparyndaky netijeleri bilen bagly maglumatlar

Maýa Musaskaýanyň daşary ýurtda transfer edilen ilkinji türkmenistanly zenan futbolçy bolandygyny habar beripdik. Maýýa häzirki wagtda karýerasyny Türkiýäniň Dudulluspor futbol toparynda dowam edýär.

Eýsem, Maýa we onuň topary nähili netije görkezýär? Turkmenportal siziň üçin ýörite gözlegleri geçirdi we aşakdaky netijeleri aldy:

― Maýa Musaskaýa Türkiýäniň Zenanlar Superligasynyň şu möwsüminiň başyndan bäri topary bilen sekiz duşuşyk geçirdi;

― Tälimçiler oňa 11-lik belgini berdiler;

― Dudulluspor bu liganyň A toparçasynda ýaryşýar. Topar Stambul şäheriniň Ümraniýe etrabyna degişlidir;

― Toparçada 9 topar bar. Bije çekişlige görä, Dudulluspor birinji tapgyry sypdyryp, ýaryşa ikinji tapgyrdan başlady;

― Maýýa täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda Beşiktaş JK Wodafon bilen geçirdi. 3-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Maýa täze topary bilen geçiren ilkinji duşuşygynda ilkinji utugyny hem gazandy. Maýa bu duşuşykda esasy düzümde meýdana girip, hiç kim bilen çalşyrylmady;

― Maýa toparynyň geçiren resmi duşuşyklarynyň ählisine-de esasy düzümde meýdana çykyp, dolulygyna oýnap gelýär. Tälimçiler ony heniz bir gezek hem başga futbolçy bilen çalyşmadylar;

― Maýa Türkiýäniň Zenanlar Superligasyndaky ilkinji we, häzirlikçe, ýeke-täk goluny 27-nji noýabrda Wulfz Fatih Karagümrük toparynyň derwezesinden geçirdi. Türkmenistanly futbolçy gyz şol duşuşygyň 22-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs tapawutlandy;

― Maýa ligadaky ilkinji sary kartyny hem şol duşuşygyň 72-nji minudynda gördi;

― Maýa Musaskaýa topary bilen ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk ýeňşini 8-nji tapgyrda gazandy. Topar bu tapgyrda Altaýy 2:0 hasabynda ýeňdi;

― Häzir Dudulluspor zenanlar topary 9 toparlyk ýaryşda 8 duşuşykda toplan 5 utugy bilen sekizinji orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 14-nji ýanwar güni Fatih Watan spor bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Türkmenistan we Türkiýe bilelikdäki bilim taslamalaryny meýilleşdirýär
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy
Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal