Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

1. Türkmen milli saz gurallary (görnüşleri boýunça);

2. Halk saz gurallary (görnüşleri boýunça) ;

3. Kirişli saz gurallary (görnüşleri boýunça);

4. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça);

5. Sazyň taryhy we nazaryýeti;

6. Bagşyçylyk sungaty;

7. Hor dirižýorlygy;

8. Horeografiýa sungaty;

II. Tölegli esasynda:

1.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça);

2.Aýdym atmak sungaty (wokal) ;

3.Saz mugallymçylygy;

4.Fortepiano;

5.Estrada sungaty (görnüşleri boýunça) ;

Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň Horeografiýa sungaty hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 1 (bir) ýyl çykyş eden oglan-gyzlar kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň Aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň Estrada sungaty (diňe saz gurallarynyň görnüşleri) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerini tamamlan, şeýle-de saýlanyp alan hünär ugry boýunça zehini bilen aýratyn tapawutlanan we estrada saz gurallarynyň görnüşlerinde ýerine ýetirijiligi kämil bolan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— sazçylyk bilimi barada resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň -31,awgust aýynyň 2 si – we 4-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

– hünär: Sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

– hünärler: Horeografiýa sungaty; Aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärleri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

– beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22,

tel.: 92-54-84, 92-52-19.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti