Maý Aýyndan Başlap Nebit Önümçiligi Azaldylar

Maý Aýyndan Başlap Nebit Önümçiligi Azaldylar

Saud Arabystany, Yrak, Alžir, Oman we Birleşen Arap Emirlikleri bilen Kuweýdiň maý aýyndan başlap nebit önümçiligini azaltjakdygy habar berildi.

Alžiriň Energetika ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Alžiriň günlük nebit önümçiligini meýletin ýagdaýda 48 müň barrel azaltmak hakynda karar kabul edendigi nygtaldy.

Beýannamada Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK bilen utgaşykly ýagdaýda maý aýyndan başlap üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli meýletin ýagdaýda nebit özümçiliginiň azaldyljakdygy nygtaldy.

Saud Arabystanyň resmi habarlar gullugy SPA hem günlük nebit önümçiliginiň maý aýyndan başlan ýylyň ahyryna çenli 500 müň barrel azaldylmagy hakynda kararyň kabul edilendigini habar berdi.

Oman nebit önümçiligini maý aýyndan başlap üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli günlük 40 müň barrel, Yrakda 211 müň barrel, Birleşen Arap Emirlikleri 144 müň barrel, Kuweýt bolsa 128 müň barrel azaldar.

Russiýa hem ozal nebit önümçiligini günlük 500 müň barrel azaltjakdygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Nebit Önümçiligi Azaldylmaga Dowam Ediler
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Parižde düýeleriň ýörişi geçirildi
Türkmen suratkeşi Muhammet Aman Baga Moskwada aradan çykdy
Marokkoly daýhanlar guraklygyň we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen göreşýär
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan, Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi