Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Mawy baýdakly plýažlaryň sanynyň 531-e ýetendigini aýtdy.
Ministrlikden berlen beýannama görä, ministr Ersoý, Türkiýäniň, Ispaniýadan we Gresiýadan soň dünýäde mawy baýdakly plýažlaryň sany taýdan 3-nji orny eýeleýändigine ünsi çekdi.
Şu ýyl mawy baýdakly plýažlaryň sanynyň 531-e ýetendigini aýdan ministr Ersoý, 2023-nji ýylda mawy baýdakly plýažlaryň sany taýdan dünýäde birinji orny eýelemegi maksat edinýändiklerini belledi.
Mawy baýdakly plýažlaryň sany Antalýada 229-a, Muglada 111-e, Mersinde 11-e, Kyrklarelinde 2-ä we Sakarýada 2-ä ýetdi.
Izmirde, Balykesirde, Samsunda, Çanakkalede, Kojaelinde, Bartynda, Stambulda, Orduda we Wanda bolsa geçen ýylky mawy baýdakly plýažlaryň sany öz ýerini gorap saklady.
Medeniýet we syýahaýçylyk ministrliginiň Antalýadadaky Lara 1 we Lara 2, Manawgat, Beldibi we Çamýuwa halk plýažlary bilen Muglanyň Marmaris etrabyndaky Içmeler halk plýažy hem şu ýyl mawy baýdak almaga hukuk gazandy.