Matematikada arap sifrlary ulanylýar

Matematikada arap sifrlary ulanylýar

Şu gün gündelik durmuşmyzynda ýygydan ulanylýan, emma gelip çykyşy hakynda belkem maglumatymyz bolmadyk arap sifrlary hakynda söhbet etmekçi. Arap sifrlary diýlende göz öňünde tutulýan zat 0-dan 9-a çenli bolan we dünýäniň tas ähli ýerinde ulanylýan sifrlardyr.

Arap sifrlary hökmünde bilýän san ulgamymyzyň asly hindi matematikasyndan gelip çykýar. 5-6-njy asyrlarda Hindistanda oýlanyp tapylan bu san ulgamy, noluň bir sifr hökmünde kesgitlenmegi bilen bilelikde uly öwrülşik emele getirýär. Şol döwre çenli birnäçe medeniýet sifrly meseleleri çözýär, emma noluň ulanylmadyk we onluk ulgamyň sözüň doly manysynda kämilleşmedik döwründe meseleler iňňän çylşyrymlydyr.

Hindi matematikleri bolsa noluň bir “san” hökmünde ulanylyp bilinjekdigine göz ýetirip, matematiki amallary ýeňilleşdirýarler.Bu ulgam häzirki arap sifrlarynyň özenini emele getirýär.

Eýsem bu ulgama arap sifrlary ady näme üçin berildi? 8-nji asyrda musulman dünýäsi medeni we ylmy taýdan uly ösüş tapgyryna girýär.Esasanda Bagdatda açylan Betul Hikme ýaly ylmy merkezlerde hindi matematikasy we astronomiýasy boýunça ylmy barlaglar geçirilýär.

Al Horezmi ýaly beýik türki matematikleri Hindistandan alynan bu san ulgamyny kämilleşdirýär we musulman dünýäsinde ýaýbaňlandyrýar.Al Horezminiň ylmy işleri algebranyň düýbüni tutuşy ýaly, arap sanlarynyň ýaýbaňlanmagyna hem uly goşant goşýar. Şol sanlar günbatar dünýasinde arap alymlarynyň saýasynda öwrenilendigi üçin ýewropada arap siflary atlandyrylmaga başlanýar.

11-nji asyrda İspaniýadaky musulman Andulisiýa döwleti musulman dünýäsi bilen günbatar Ýewropanyň arasynda köpri pozisiýasyny eýeleýär.Arapça eserler latyn diline terjime edilýär we Ýewropa aýdyňlanmasynyň özenini emele getirýär. Şol döwürde Leonardy Fibonassi ýaly ýewropaly matematikler arap sanlarynyň ýönekeýligine we ulanyş ýeňilligine göz ýetirýärler.

Fibonassi esasanda Liner Abaji atly kitabynda arap sifrlaryny Ýewropa tanyşdyrýar. Şol döwre çenli Ýewropada ulanylan Rim sifrlary uly sanlar bilen amal etmegi kynlaşdyrýan ulgamdy.Arap sanlary we onluk ulgam has ýönekeýdir we wagtyň geçmegi bilen Ýewropada ýaýbaňlanýar.

Arap siflarynyň esasy täzelikleriniň başynda onluk ulgam we nol adalgasy durýar. Nol, bir ýeri eýelemeýändigini, emma bir gymmatynyň bardygyny görkezýan ilkinji simwoldyr. Ol matematiki amallary çaltlandyrýar we has çylşyrymly hasaplamalaryň edilmegini ýola goýýar. Arap sanlarynyň saýasynda sifrler basgançak ulgamy bilen has kadaly beýan edilmäge başlanýar. Arap sifrleriniň matematikadan daşgary esasanda söwdada we inženerçilik ulgamynda netijeliligi görülýär.

Ýene degişli makalalar

Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Matematika boýunça mekdep ýumşy internet ulanyjylary aljyratdy