Matematika boýunça mekdep ýumşy internet ulanyjylary aljyratdy

Matematika boýunça mekdep ýumşy internet ulanyjylary aljyratdy

Bäşinji synp okuwçylary üçin matematika boýunça öý ýumşy internet ulanyjylary çykgynsyz ýagdaýa saldy. Ulularyň köpüsi onuň hatda özleri üçin hem diýseň çylşyrymlydygyny aýdýarlar diýip, MIR 24 ýazýar.

Mekdep ýumşuny okuwçynyň uly agasy internetde ýerleşdirdi hem-de ony çözmegi başarmandygyny aýdyp, adamlardan kömek sorady. Ilki ol ähli maşgala agzalary bilen meseläni çözmäge synanyşandyklaryny, emma başarmandyklaryny boýun aldy.

Mesele şeýle: Klýaýn duşenbede kitabyň 30 sahypasyny hem-de sişenbede sekizden bir bölegini okady. Çarşenbede ol galan bir çärýek bölegini okady. Kitap näçe sahypadan durýar?.

Internet ulanyjylaryň köpüsi soragyň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny ýazýarlar. Meseläni çözenleriň pikiriçe, onuň jogaby 48 sahypa diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Matematikada arap sifrlary ulanylýar
Türkmenistanly talyplar Polşada geçirilen matematika bäsleşiginde 30 medal gazandylar
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler