Mate X sentýabrda taýýar bolar

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň eplenýän ekranly mobil enjamy “Huawei Mate X”-iň satuwa çykaryljak wagty mälim edildi.Hytaý brendiniň Günbatar Ýewropanyň başlygy Winsent Pang “Mate X” modeliniň sentýabr aýynda tanyşdyryljakdygyny aýtdy. Şeýle hem täze enjamyň “android” amaly ulgamynda işlejekdigini belläp geçdi. “Huawei Mate X” smartfon hem-de planşet hökmünde ulanyp bolýan OLED eplenýän “FullView” ekrany, 5G modem çipi ýerleşdirilen.

Enjamy bir eliň bilen açyp bolýar.Bu mobil enjamyň öçürip ýakylýan düwmesinde barmagyň yzyny okaýan aýratynlyk bolup, oňa barmagyňy degrenden soňra göni işjeň ýagdaýa gelýär. “Huawei Mate X”-iň galyňlygy eplenende 11 mm, açylanda 4 mm bolýar. “Huawei Mate X”-iň öňki we yzky kamerarasyny bilelikde ulanyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

ZTE şereketi iki sany täze smartfony Blade 20 Pro 5G we Axon 20 4G bilen tanyşdyrdy
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejesinde alnyp barylýar
Prezident TRT World Forumda Dünýä Yglan Etdi