Maşynlar barada gyzykly maglumatlar

Häzirki wagtda durmuşy maşynsyz göz öňünegetirmek kyn.Ulaglar barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.Ilkinji ulaglarda rul ýokdy.Onuň ýerine iki sany ryçag bolup, sagdaky çekilende saga, çepdäki çekilende çepe öwrülýärdi.Her ulagda ortaça 30 müň bölek şaý bolýar.Elektrokarlaryň iň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň sessiz işleýändigidir. Şol sebäpli pyýadalaryň ünsüni çekmek üçin olara emeli ses çykarýan enjam dakylýar.Braziliýada hereket edýän ulaglaryň 90 göteriminiň ýangyjyna şekerçiňrikden alnan ýag goşulýar.“Bentley”, “Bugatti”, “Lamborghini”, “Audi”, “Ducati” we “Porshce” kysymly ulaglar “Volkswagen” toparyna degişli.Az sanly öndürilýän kuwwatly “Bugatti” ulagynyň puluna 84 sany ortaça adaty awtoulag, 3 sany kiçeňräk uçar we bir sany ýahta düşýär.Norwegiýada satylýan iki ulagyň biri gibrid ýa-da dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär.Awtoulag sürýän mahalyňyz telefonda sms ýazyşsaňyz heläkçilige uçramak ähtimallygyňyz 23 esse artýar.

Ýene degişli makalalar

“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy
Neýmar 43 million funt sterlinge öý satyn aldy
Bugatti-ni satýar
Bugatti logotipini täzeledi
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär