Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi

Düýn— 30-njy iýulda Tährandaky Parlament binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň kasam kabul ediş dabarasy boldy. Dabara dünýäniň 80 ýurdundan ýokary wezipeli myhmanlar gatnaşdylar.

Pezeşkiýan parlamentarileriň, Konstitusiýany goramak Geňeşiniň (hökümetiň parlamentiň üstünden ýokary edarasy) we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylarynyň öňünde kasam kabul etdi. Millete ýüzlenmesinde ol öz hökümetiniň ähli eýranlylaryň hukuklaryny üpjün etjekdigini hem-de gürrüňsiz milli bähbitlere eýerjekdigini nygtady. Ol 14-nji hökümetiň Eýranyň progresini we ösüşini gazanjakdygyny, ykdysady kuwwaty artdyrjakdygyny we adamlaryň durmuşyny gowulandyrjakdygyny aýtdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Dabarada Eýranyň döwlet Senasy ýaňlandy we Gurhan okaldy. Pezeşkiýanyň saýlawlardaky bäsdeşi, Parlamentiň başlygy Mohammad Bager Galibaf we kazyýet häkimiýetiniň başlygy Golamhuseýn Mohseni-Ežei çykyş etdiler. Masud Pezeşkiýan Eýranyň dokuzynjy Prezidenti boldy.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkian kasam kabul etdi
Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Türkmen-eýran söwda dolnyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda artdy
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda artdyrylýar
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI