“Masters” ýaryşlarynyň ussady

ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.Ol kanadaly Miloş Raoniçi 2 sagat 2 minutlap dowam eden finalda 2:1 (1:6, 6:3, 6:4) hasabynda ýeňmegi başardy.

Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, “Masters” ýaryşlaryndaky 35-nji, karýerasyndaky 80-nji çempionlygy boldy. Şu ýyl geçiren 23 duşuşygynda-da ýeňiş gazanan Jokowiç “ATP 1000 Masters” ýaryşlarynyň 9-synda hem 2 gezek çempion bolan ilkinji tennisçi hökmünde taryha girdi. Ýeri gelende aýtsak, bu “Masters” ýaryşy adatça Sinsinnatide geçirilýärdi. Ýöne kowid 19 sebäpli ýaryş Nýu Ýork şäherinde guraldy.

Ýaryşda zenanlaryň arasyndaky final duşuşygy ýaponiýaly Naomi Osakanyň şikesi sebäpli oýnalmady. Netijede, beýleki finalçy Wiktoriýa Azarenka ýaryşyň çempiony boldy. Bu kubok Wiktoriýa Azarenkanyň 2016-njy ýyldan soň, ilkinji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy
Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykda iki rekordy täzeledi
2023-nji ýylyň sport kalendary
Türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew abraýly Ak pil küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Säheriň sport täzelikleri