Türkmenistan geçen aýyň aýagynda nobatdaky Halk maslahatyny geçirdi we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, öz taryhynda Ýaşulular maslahaty hem diýlip atlandyrylan we ozalky prezidentleriň şahsyýet kultlarynyň güýçlendirilmeginde, ilatyň ýaşaýyş, durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşmagynda “özboluşly” rol oýnan gurama ýurduň üçünji prezidentine "Türkmenistanyň Gahrymany“ diýen adyň dakylmagy bilen öz 'wezipesini' dowam etdirdi.
Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary bu maslahat barada il içinde edilýän pikirleri öwrenmek üçin dürli işlerde işleýän, dürli girdejili, dürli garaýyşly adamlar, synçylar bilen söhbetdeş boldular.Azatlyk ýurtda pikirini açyk aýdyp, metbugatda çykyş edip bilmeýän adamlaryň pikirlerini senzura etmezden halka ýetirýär.
"Gurbanguly Berdimuhamedowyň 32 ýyldan bäri ýaşulular bilen maslahatlaşyp, ýurduň möhüm meselelerini çözüp gelýäris diýýäni ýalan söz” diýip, Azatlygyň habarçynyň Halk maslahaty baradaky soraglaryna jogap beren raýat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, “Şu 32 ýylyň dowamynda geçirilen halk maslahatlarynda ýekeje gezegem halkyň problemasy soralmady, diňe öňünden taýýarlanyp goýlan postanowleniý bu... Bu halk maslahaty däl, eýsem teatrda goýlan spektakl, bu spektakllarda öňünden spektakl teksti berilýär, artistler hem öňünden berlen sahna oýnuny doly öwrenip, soňundan tomaşaçynyň öňünde çykyş edýärler. Bu halk maslahaty hut şeýle maslahat.”
Bu hili pikirleri aýry-aýrylykda gürleşilen, bir-birini tanamaýan beýleki adamlar hem aýtdylar.
“...halkyň pikiri 32 ýyllap diňlenmedi, problemalar has köp we gün-günden köpelýär, [soňky geçirilen maslahatda] ýekeje problema hem aýdylmady, diňe öwünjiräp, magtanmakdan başga zat bolmady”; “...bu maslahatda problema çözülmän, eýsem bir-biriniň eden işlerini öwüp, her pudakdan taýynlanan adamlar Arkadagyň ýeten sepgitlerini magtap, ony has-da höweslendirýärler” diýip, ýasaýjylar aýtdy.
Azatlygyň bir söhbetdeşi häkimiýetleriň halkyň galan bölegine däl, eýsem Halk maslahatyna çagyrylan, ýagny berk saýlanyp-seçilen, ol ýerde çykyş etmeli edilen we ellerine sözlejek sözleri ýazylyp berlen adamlara hem ynanmaýandyklaryny, şu sebäpden bu maslahatyň göni ýaýlymda halka ýetirilmeýändigini öňe sürdi.
"Mysal üçin, 32 ýylap Halk maslahaty geçirilýän bolsa, ol maslahaty näme üçin göni ýaýlymda görkezmeýärler? Meniň pikirimçe, wdrug şol ýaşulularyň içinden biri turup, problemalary aýdyp başlasa, göni ýaýlymdan aýryp bolmaz ony” diýip, ýaşaýjy bu maslahatyň hemişe ýazgyda, montaž edilip, gowy kesilip-biçilenden soň efire berilýändigini aýtdy.
“Siz gowy syn edip görüň, Halk maslahaty nähili montaž edilýär, oturan tomaşaçylaryň çapak çalyşlaryny, olaryň Arkadagyň abraýyny, mertebesini galdyrmak üçin mawy ekrandan, telewideniýe arkaly halk ýetirilişini görüň, bärde uly sorag bar, syn etseňiz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýaşaýjylaryň biri Halk maslahatyna gatnaşýan ýaşululara 4 müň manat möçberinde sowgat berlendigini, zalda oturan çinownikleriň hemmesiniň parahorlukdan gazanç edýändiklerini, şol sebäpden jan edip çapak çarpýandyklaryny, “jan berjek ýaly gygyrýandyklaryny” öňe sürdi. Emma Azatlygyň bu aýdylýanlaryň näderejede hakykata gabat gelýändigini ýerinde barlamak, resmilerden düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri adamlaryň Halk maslahatynda halkyň problemalary barada gürrüň edilmegine garaşmaýandygyny, sebäbi munuň gaty ýöntemlik boljakdygyny öňe sürdi. Onuň pikiriçe, halkyň problemalaryny diňe prezident däl, has aşakdaky emeldarlar, şäher häkimleri, prokuratura işgärleri, kazyýet, hatda bir ýönekeý häkimlik işgäri hem diňlemeýär.
“Bu ýurtda problema, ýazylan arza hiç haçan seredilmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen raýat köp adamyň indi bu hili maslahatlara seretmeýändigini, olardan peýda ýokdugyny, boljak zatlaryň hemmelere öňünden bellidigini hem sözüne goşdy.
Ýurduň beýleki bir sebitinde işleýän habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy “Hökümetdäki oturan özüni öwdürmekden başga hiç zady bilmeýär” diýdi.
Onuň pikiriçe, maslahatda gatnaşjak adamlaryň ählisi elekden geçirilýär we olaryň oturjak ýerleri, haýsy pursatlarda ýerlerinden turmalydygy, näçe wagt el çarpmalydygy ýygnakdan kän öň kesgitlenilýär we repetisiýa geçilýär.
“Ýygnaga seretseň, adamlaryň hiç bir artykmaç hereket edýäni görünmeýär...Diňe ellerindäki bloknota bir zatlar ýazýarlar.Meni gyzyklandyran zatlar, talyplara çenli ellerindäki bloknotlara bir zatlary belläp alýarlar ýa-da ýazan bolýarlar.
Olaryň tutuş ýygnagyň dowamynda näme ýazýandyklary belli däl.Geçirilen ýygnagy uzak wagt diňläp bolanok, sebäbi edilýän gürrüňler halkyň hal-ýagdaýy barada däl, bir topar gazanylmadyk netijeler [gazanylan edilip] aýdylýar, häkimiýet indi ýalan sözlemek endigine girdi” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Ýaşaýjylaryň biri “häkimiýetler halkyň hal-ýagdaýy bilen näme üçin gyzyklansynlar, olar diňe öz bähbidini bilýär, ýurtda indi näme ogurlap bolar diýen pikir bar” diýdi. Onuň pikiriçe, “häkimiýetleriň sada halk bilen duşuşmak islemezliginiň sebäbi, eger-de halka öz pikirini aýtmaklyga rugsat berilse, halk söz azatlygyna çykarylsa, onda bu häkimiýetiň näçe wagt uzak oturjagy belli”.
Ýaşaýjylaryň käbiri, eger ýygnaga çagyrylanlar öz hakyky edýän pikirlerini aýdyp bilýän bolsa, bu hili ýagdaýda ýurtdaky ýagdaýlaryň azda bolsa gowulyga tarap özgerip biljekdigine ynanýar.
"Ýurt içindäki problemalary çözmek isleseler, ilki bilen parahorlugy ýatyrmaly bolardylar. Häkimiýetde oturanlaryň ählisi diýen ýaly işlerini tabşyrmaly bolardy. Halkyň agzy gorkuzmak bilen ýumdurylýar. Ýygnakda ol problemalar açylsady, halk has umytda bolardy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri parahorlugyň aç-açan bir zada öwrülendigini, gazanyldy diýilýän netijeleriň galpdygyny, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýygnakda oturanlaryň ählisiniň bilýändigini öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, “problemalar açyk aýdylyp, anyk çözgüt gözlense, ýurtda bir üýtgeşmeler bolup başlardy, ýöne häzir halkyň hal-ýagdaýy gitdigiçe peselýär, agzybirlik düýbünden gutaryp barýar, eger problemalara açyk çözgüt gözlemäge geçilmese, ýurt gitdigiçe garyp galar”.
“Ýurduň içinde bolýan zatlary aç-açan aýdyp, şol problemalary düzetmegiň deregine bir topar ýalan sözler aýdylýar. Halk indi aç-açan çözgüdiň boljagyna garaşmaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy adamlaryň öz meselelerini ähli ýerde para berip çözjek bolýandygyny, şondan başga çykalga görmeýändigini aýtdy.
Bu pikiri Azatlygyň öňki aýlarda geçiren pikir soramalarynda hem aýdanlar bolupdy.
“Halk indi ähli ýerde para berip, ýol alyp bolýandygyna ynanýar, garyp halk kösenýär, ýurt şu gidişine gitse, onda Türkmenistanyň geljegi ýok” diýip, köp meseläni parahorlukda görýän ýaşaýjy pikirini dowam etdirdi.
Onuň pikiriçe, uzak möhletli çözgüt gözleseler, parahorlugy aradan aýryp, ähli meseleleri açyk çözmeli; parahorluk bar ýerinde diňe ýalan maglumatlar berler, netijesiz gürrüňler ediler, problemalar hiç haçan çözülmez.
“Açyk gürrüň, maslahat edilmeginden gorkýanlarynyň sebäbi, eger beýle edilse, häkimiýetdäkileriň ählisi iş ýerlerinden göni türmä ugradylmaly bolarlar, olar korrupsiýa ymykly gömüldiler, häkimiýetdäkiler diňe öz jübülerini alada edýär, halky düýbünden pikir etmeýärler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň käbiri ozal pikiri soralanlaryň aýdan zatlaryny gaýatalady we, gysgaça aýdylanda, olar problemalaryň üstüni ýapmagyň çözgüt däldigini, ýurdy üýtgedip gurmak üçin korrupsiýanyň köküni doly köwlemelidigini, çagalara ýaşlygyndan ýalan sözlemegi öwretmegiň bes edilmelidigini aýtdylar.
“Ýurduň dolandyrylyşyny düýbünden üýtgetmeli, ýurduň liderini öwmek, ýalan sözleri aýtmak ol bir akmaklyk. Ýygnakda oturanlar, sada halk, ählisi bu aýdylýan sözleriň ýalandygyny bilýär” diýip, bir ýaşaýjy bu ýerde iki hili netije çykaryp bolýandygyny, “ýa adamlaryň aňy şol derejede pes, ýa-da halk şeýle bir gorkuda ýaşaýar, [şu sebäpden] bir dogry söz hem aýdylmaýar” diýip boljakdygyny öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, bu ýagdaýda ýurtda hiç bir ösüş gazanyp bolmaz.
Türkmenistanda Halk maslahatynyň ýa-da Ýaşulular maslahatynyň mejlisleri diňe bir gazanylandygy aýdylýan üstünlikleriň magtalmagy, problemalaryň inkär edilmegi bilen däl, eýsem prezidentiň ýa onuň syýasatyny goldaýan beýleki adamlaryň sylaglanmagy, ýagny olaryň ýönekeý halkdan has tapawutlandyrylmagy bilen hem adamlary kemsidýär diýip, ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamow pikir edýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Saparmyrat Nyýazowa berlen ömürlik prezidentlik durumy hem, şol wagtky daşary işler ministri we wise-premýer Boris Şyhmyradowyň teklip etmeginde, şu hili gürrüldili el çarpylýan mejlisde berlipdi.
Bu gezekki mejlis ýurduň üçünji prezidentine Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen taryha girdi.Synçylaryň käbiri Serdar Berdimuhemdowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhmedowyň 2009-njy ýylda, ilkinji gezek gahrymanlyk ady teklip edilende eden sypaýyçylygyny hem etmändigini belledi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýasaýjylaryň käbiri gahryman diýen adyň hiç bir mesele çözmeýändigini aýtdy.
“Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa-da beýleki ýalançylaryň sylaglanmagy samsyklyk. Öz-özlerini öwüp, öz-özlerine sylag berýärler, gahryman adyny dakýarlar. Bu bir kellä sygmajak zat. Gahrymanlyk ýurda näme kömek edýär?” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi Halk maslahatyndaky sylag paýlanyşygy barada näme pikir edýärsiňiz diýlip berlen soraga sorag bilen jogap berdi.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň jogaplarynda gorky meselesi hem birnäçe gezek ýatlanyp geçildi.
"Halk hakykatdanam gorkuda, çala üýtgeşik öz pikiriňi aýtsaň, türmä basýarlar, hatda daşary ýurtlardaky aktiwistleri hem getirip basýarlar. Bu zatlary görýän halk diňe gorkuda ýaşaýar” diýip, ýaşaýjy gorkynyň ýurtda uly meselä öwrülendigi barada aýdylýan pikirleri gaýtalady.
Onuň pikiriçe, polisiýa işgärleri halky sylamaýar, hatda olaryň dilinden “halk bir süri mal” diýen ýaly sözleri hem eşitse bolýar.
Eýsem, halk, ýönekeý adamlar bu hili ýagdaýda näme çykalga görýär?
Bu soraga jogap berenler köp adamyň häzir ýeke-täk çykalgany daşary ýurtlara gidip, şol ýerlerde edilen gazanç bilen maşgalasyny eklemekde görýändigini aýtdylar.
"Häzir halk şundan başga çykalga görmeýär.Hatda ýurduň düzelmegine hem garaşmaýar.Täze häkimiýetiň haçan boljagy belli däl. “Ýurt şu ýalan sözler bilen dowam eder, hiç bir üýtgeşme bolmaýar” diýip, adamlar gürrüň edýär.
Garaşsyz metbugat ýurduň içindäki problemalary yzygiderli açyp görkezýär. Ýüze çykan problemany çözmäge derek, ýurtdaky problemalary açmak isleýän adamlary gözleýärler, bularyň aladasy problema çözmek däl, adamlaryň agzyny ýumdurmak” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Öz adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjynyň pikiriçe, ähli problema, halkyň pikiri, hatda häkimiýet barada edýän pikiri hem açyk we dogry aýdylsa, bu ahyrynda ýurduň ähli problemasynyň çözülmegine alyp geler.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan synçylaryň aýtmaklaryna görä, häzirki Türkmenistanda halk bilen häkimiýetiň arasyndaky gatnaşyklar sowet döwründäkiden we hatda Saparmyrat Nyýazow döwründäkiden hem düýpli tapawutlanýar.
"Sowet döwrüniň soňky ýyllarynda, herrikgalaly bir diňleýjimiziň aýtmagyna görä, kolhozyň ýyl aýagyndaky ýygnagynda berk tankydy çykyş etmäge taýýarlanan iki mugallymy köýüp barýan putýowka bar diýip aldap, kurorta ugradypdyrlar we yzlarynda gyssagly ýygnak geçiripdirler, häzir beýle adamlar ýokmy?" diýen soraga ýerli synçy “Nyýazowyň dolandyryşynyň soňky ýyllaryndan we uly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen döwründen bäri arz-şikaýat eden, öz tankydy pikirlerini aýdan adamlar kurorta däl-de, azyndan 15 sutka tussaghana iberilýär” diýip jogap berdi.
"Nyýazow 1990-njy ýyllarda halk bilen kän göni duşuşmadyk hem bolsa, welaýatlara aýlanyp görüp, hiç bolmanda dikuçarda halkyň umumy ýagdaýlaryny öwrenerdi, ...ýerli häkimlik wekilleri gorkunjyna Türkmenbaşynyň uçup geçýän ýerlerindäki öýleri we beýleki binalary, ýollary abat edip goýardylar” diýip, synçy aýtdy. Ýöne ol mundan öňki iki prezidentiň hem daşynyň goragynyň örän berk bolandygyny aýtdy we muny olaryň "birinjiden, Allanyň barlygyna ynanmaýandyklary, ikinjiden, diňe özlerini söýýän adamlar bolandygy, üçünjiden, halkdan gelýän garaşylmadyk soraglara jogap berip bilmezlikden gorkmaklary” bilen düşündirdi. "Olar erkin žurnalistlerden hem gorkýardylar” diýip, synçy aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen synçynyň sözlerine görä, “bar bolan kynçylyklary häzirki prezident hem bilýär, öňki prezidentler hem oňat bilýärdi”. “...meseleleri ýerinde çözdürmäge hem türkmen ýolbaşçysynyň ähli mümkinçiligi bar” diýip, synçy aýtdy we meseleleri, problemalary hut prizidentiň özi çözmek islemeýär diýen çaklamany öňe sürdi.
Bu pikiri, ýagny meseleleriň bilkastdan çözülmän saklanylýandygyny, ýagdaýyň bile-göre çylşyrymlaşdyrylýandygyny aýdanlar öňem bolupdy we beýle pikiri esasan Nyýazow bilen işleşen, ony gowy tanaýan adamlar öňe sürýär.
Ýerli synçy çözülmeýän meseleler ýurda, halka bähbit getirmeýän iri taslamalara harçlanýan döwlet serişdeleri, ol serişdeleriň öňki prezidentleriň we häzirki prezidentiň garyndaşlaryna getirýän girdejileri bilen bagly diýen pikiri öňe sürýär we muňa olaryň “Aşgabatdaky we onuň töweregindäki köşk ýaly öýleri, sport maşynlary, emläkleri delil” diýýär.
“Bu umuman çözgüt däl, keseli gizleseň, onuň netijesi soň emele gelen ýagdaýy äşgär edýär, keseli wagtynda bejermek iň dogry çözgüt” diýip, Azatlygyň beýleki bir söhbetdeşi, özüni Serdar Ataýew diýip tanadan pedagog aýtdy.
“Uly Berdimuhamedow öziniň boş, hyýaly başlangyçlary netijesinde ogly Serdara düzedip bolmajak, tas dargan Türkmenistany miras edip berdi.Uly welaýat merkezi bolan şäherleriň, etraplaryň, obalar hakda gürrüň hem ýok, durmuş maksatly binalary, ýollary, agyz suwy meselesi tasdan doly dargan ýagdaýda, ony düzetmek üçin häzirki prezidentiň maliýe serişdesi ýok, ol meseleler üçin milliardlarça dollar gerek, gara ýollar, agyz suwy desgalary, mekdepler, harbylary öý, ýarag bilen üpjün etmek, transport meselesi, energetika, içerki elektrik geçirijiler, gaz geçirijiler doly diýen ýaly täzelenip gurulmaga mätäç” diýip, ol "halkyň indi 50 dollar bilen 250 dollar arasyndaky aýlyga, zynjyra daňlan ýaly bolup, zähmet çekmegi halamaýandygyny” öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, Halk maslahaty halkyň hal-ýagdaýyny öwrenmek, gowulandyrmak üçin däl-de, diňe Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultuny beýgeltmek üçin ulanylýar.
Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeş bolan adamlarynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, hatda indi il ýaşulysy diýilýänleriň içinde hem, ikiçäk gürrüňde "bu boş çärelerden, tagtabitli myhmanhanalardan ýadandyklaryny” aýdýan adamlar bar.
Çözgüt baradaky soraga jogap beren pedagog “diňe halk häkimiýetini döretmek gerek, diktaturany ýok etmeli, erkin walýuta, dünýe derejesindäki zähmet haky bermeli, pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň satyn alyş bahalaryny dünýäniň birža nyrhlarynyň derejesinde kesgitläp, erkin bahadan satyn almaly" diýdi.
Şeýle-de, Serdar Ataýewiň pikiriçe, "gaz, nebit-himiýa, elektrik energiýalaryndan girýän daşary ýurt pul serişdeleri halkyň rugsady esasynda harçlanmaly, biderek taslamalara sarp edilmän, halk bähbitlerine gönükdirilmeli, okuw, bilim pudagy hem, garyplyk aradan aýrylandan soň, tölegli sistema geçmeli”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.