Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy

Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy

Blinkist atly sanly kitap nusgalarynyň hem-de audiokitaplaryň satyjysy SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskyň okamak üçin maslahat berýän kitaplarynyň sanawyny ýerleşdirdi. Sanawda agzalan dokuz kitabyň Maska milliarder bolmaga kömek edendigi aýdylýar.

Işewüriň maslahat berýän kitaplarynyň ilkinji üçlügine Apple kompaniýasyny esaslandyryjy Stiw Jobsuň ýazyjy Uolter Aýzekson tarapyndan ýazylan terjimehaly girýär. Stýuart Rasseliň Emeli aňa nädip gözegçilik etmeli atly ylmy-köpçülikleýin eseri ikinji orunda durýar, şeýle-de Piter Tilýa bilen Bleýk Mastersiň bilelikde ýazan Noldan bire çenli. Geljegi özgertjek startapy nädip döretmeli diýen biznes-edebiýaty ilkinji üçlügi jemleýär.

Sanawa Naomi Oreskesiň we Erik Konweýiň Şübhe satyjylary, Maks Tegmarkyň 3.0. durmuş. Emeli aň eýýamynda adam bolmak, Şon Kerrollyň Älem. Ýaşaýşyň emele gelşi, biziň ýaradylmagymyzyň manysy we äpet kosmos, Sem Harrisiň Ýalan, Nik Bostromyň Ýokary aň: ýollar, howplar, strategiýalar hem-de Adam Smitiň Tebigat we halklaryň baýamagynyň sebäpleri barada barlaglar atly kitaplary girýär.

Ýene degişli makalalar

20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Maskat şäherinde geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy
Ilon Mask: eger biz başga planetalary özleşdirmesek, siwilizasiýa heläk bolar
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Beýnisine çip oturdylan adam pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar