Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi

Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi

E24 gazetiniň ýazmagyna görä, dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask 2025-nji ýylyň aprelinde Oslo şäherinde geçjek işewürlik agşamlygyna gymmatlygy sebäpli gitmekden ýüz öwürdi diýip, TASS ýazýar.

Oslodaky agşamlygy Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasynyň (nebit gaznasy) ýolbaşçysy Nikolaý Tangen guraýar, emma Mask oňa gatnaşmagyň özi üçin gaty gymmat düşjekdigini aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

E24 neşiriniň ýazmagyna görä, işewürleriň duşuşygyna Ferrari, Novo Nordisk, Nestle, DoorDash, Adidas kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.

Forbes žurnalynyň reýtinginde Ilon Mask üçünji ýyldyr, iň baý amerikalylaryň sanawynyň başyny çekýär.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi
Mask: geljekde el telefony bolmaz
Mask köp ýurtlar ilat sanynyň azalmagy sebäpli ýok bolar diýip hasaplaýar
Neuralink ikinji meýletinçiniň beýnisine çip oturtmakçy