Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi

“SpaceX” hem-de “Tesla” kompaniýalaryň başlygy, dünýäniň iň baý adamlaryndan biri Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda gowy görýän audiokitaplarynyň sanawyny paýlaşdy. Sanaw, esasan, taryh, syýasat we ykdysadyýet bilen baglanyşykly 11 audiokitapdan ybarat. Maskyň diňläp görmegi teklip eden kitaplarynyň arasynda şu aşakdakylar bar:

Will we Ariel Dýurant – “Siwilizasiýanyň taryhy”, Gomer – “Iliada”, Fridrih fon Haýek – “Gulçulyga barýan ýol”, Wilýam Mançester – “Amerikaly Sezar: Duglas Makartur, 1880-1964”, Dewid Kuşner – “Doom-yň hökümdarlary”, Adam Tuz – “Weýrançylyk üçin öweztöleg”, Ernst Ýunger – “Polat tupanlarynda”, Barbara Takman – “Awgust toplary”, Gaý Ýuliý Sezar – “Gal söweşi barada bellikler”, Wilýam Bolito “Taňrylara tarap on iki”, Jek Wezerford “Çingiz han”.

-Elbetde, bu sanaw taryh barada köp pikir edýänleri biparh goýmasa gerek – diýip, Mask aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
“Tesla” arzan elektroulag öndürer