Maserati italýan kompaniýasy häzirki endik edilen, benzin bilen işleýän hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmek isleýär diýip, autonews.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Maserati (tutuş Fiat konserni ýaly) Stellantis konserniniň düzümine girýär we Stellantisiň ýolbaşçylary bireýýämden bäri elektriki ugra geçmek kararyna gelipdiler.Maserati lýuks modellerini öndüriji hem mundan çetde galdyrylmaz. 2025-nji ýyla çenli Maseratiniň ähli modelleri elektriki wersiýa eýe bolar, 2030-njy ýyla çenli bolsa konweýerde adaty içerki ot alyşly hereketlendirijili ulag asla galmaz diýip çaklanylýar.
Maserati elektrikli hereketlendirijä geçjek lýuks awtoulaglarynyň ilkinji italýan brendi bolar.Ilkinji bolup 2023-nji ýylda Gran Turismonyň kupe elektriki wersiýasynyň ikinji nesli peýda bolar.Ol Folgore (italýançadan terjime edilende "ýyldyrym" diýen manyny aňladýar) diýen belgini alar.
Gran Turismo Folgore birbada kuwwaty 1200 at güýji töweregi bolan üç sany hereketlendirijini alar diýip garaşylýar. 2025-nji ýylda bolsa MC20 elektriki superkarynyň, şeýle hem Quattroporte Folgore we Levante Folgore elektrokarlarynyň görkezilişine garaşmak bolar.