Paýtagtymyzyň Ýyldyz“ myhmanhanasynda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre AHEHG-a ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy.
Duşusyga işi ykdysadyýetiň tebigy serişdeleri ulanmak bilen baglanşykly döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli ekologiýa taslamalarynyň, TTGJ we Tebigy kuwwat“, tebigaty goramak jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, AHEHG-nyň DÖDT-y, BMG-nyň ÖM-ny, GIZ ýaly tebigy serişdelri goramak we olardan rejeli pýedalanmak boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolan halkara guramalarynyň wekilleri, Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hünärmenleri, şeýle hem Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly seminar suwdan peýdalanmak ulgamynda işleýän ýerli hünärmenleri derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň halkara usuly we sebit tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen gurnaldy.
MASEM-iň suw başlangyçlary maksatnamasynyň menejeri we bilermeni Rustam Isahojaýew bilen Igor Petrakow bu ugurda Gazagystanda toplan tejribe barada gürrüň berdiler. Olar süýji suwuň gory gutarýan tebigy baýlykdygyny, şol sebäplem eger-de derýa dürli welaýatlaryň ýa-da ýurtlaryň üstünden geçýän bolsa , ygtybarly suw üpjünçiligni we ony goramagy üpjün etmek üçin ony dolandyrmagyň milli meýilnamalarynyň düzgünleriniň indi ýeterlik däldigini nygtadylar.
Ozalky territorial-administratiw suw dolandyryşy suw goraýyş we süzüş zolaklarynyň gidrogeografik çäklerini göz öňünde tutmaýar, munuň gurakçylyk ýyllary suwuň hädogry bölünmegine getrimegi mümkin,- diýip Gazagystanyň wekilleri bellediler.- Şunda suwuň möçberiniň çäklendirilmegi, ony pes netijeli dolandyrmak, gyzyklanýan taraplaryň ylalaşyksyz hereketleri we ýeterlik derejede maliýeleşdirmezligi esasy meseleler bolup biler.
-MASEM-iň basseýn we sub-basseýn meýilnamalaryny dolandyrmagy işläp taýýarlamagyň Gazagystandaky tejribesi Aral-Syrderýa sebitinde we Balhaşda geçirilen işleriň esasy boldy. Şeýle tejribelr GIZ-iň gatnaşmagyndaky dürli taslamalarda synagdan geçirildi,-diýip, I. Petrakow belledi.- Şunda belli bir usul ýokdur-Gazagystanyň her sebiti üçin basseýn usulda dolandyryşyň öz artykmaçlyklary we kemçilikleri bar.
-Suw serişdelerini dolandyrmagyň bu usuly Gazagystan Respublikasynyň Suw Kodeksiniň esasy boldy,-diýip, ol sözüni dowam etdi.- Bu resminama yzygiderli kämilleşdirilýär.Ol durmuşa oranşdyrylandan üç ýyl soň oňyn netijelr gazanyldy we döwlet derejesinde goldanyldy.
Täze suw syýasaty durmuşa geçirilende ýurduň içinde diňe bir iş dolandyryjylar däl, eýsem döwrebap suw tehniki desgalaryň taslamasyny taýýarlamaga ukyply hünärine ussat tehniki işgärler,inženerler gerekligi belli boldy.Biziň basseýn geňeşlerimiziň işiniň ýörelgesi-goňşular bilen dostlaşyp, suwy bilelikde dolandyrmakdyr.
Wajyp tema gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Türkmensuwylymtaslama“ institutynyň ylmy-barlag bölüminiň müdiri Gurbannyýaz Hommadow:
-Türkmenistanňy häzirkizaman suw hojalyk ulgamynda gidrotehniki desgalary gowulandyrmak, esasy we suwaryş akymlarynyň geçirijiligini artdyrmak, pudagy döwrebaplaşdyrmak we suwaryş ulgamlarynyň işini ýokarlnadyrmak arkaly suwuň ýitirilmegini azaltmak boýunça işler dowam etdirilýär. Tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ulgamyndaky dünýä tejribesi, oba hojalyk ýerlerini suwarmagyň öňde baryjy usullary öwrenilýär. Bu işe ylmy institular, Jemagat hojalygy ministrligi, ekologlar çekildi-diýip beleldi.
Biziň institutymyz ençeme ýyl bäri milli suw goruna girmeýän gaýtadan ulanylýan, lagym-zeýkeş suwlaryndan peýdalanmak boýunça iş alyp barýar, olar degişli derejede arassalandan we süýjedilenden soň oba hojalygyny, maldarçylgy we balykçylygy ösdürmekde ulanmakda göz öňünde tutulyp bilner.
Suwlary dolandyrmagyň basseýn usuly Türkmenistanyň täze Suw Kodeksinde bellenilendir, bu, elbetde, Merkezi Aziýa sebiti üçin suwdan peýdalanmagyň geljegi uly usullarynyň biridir.Bu babatda Gazagystanyň we beýleki ýurltaryň tejribesi öwreniliklidir, indi biziň wezipämiz ýurdumyzyň şertlerinde haýsy usulyň netijeliligini kesgitlemekdir.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň wekili Batyr Mämmedow howanyň üýtgemeginiň eýýäm şu wagt gurak sebitlere täsir edýändigini, olaryň ykdysadyýetiň ösüşini süýji suwuň ählumumy ýetmezçiligi şertlerine uýgunlaşdyrmaly boljakdygyny belledi. Şunda taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup, olary amal etmek, suw hyzmatdaşlygyny özara ynanyşmak esasynda gurmak wajyp wezipedir.
Seminar ýakyn ýyllarda türkmen hünärmenleriniň çözmeli boljak wezipelerini kesgitledi.
Täze Sw Kodeksine kanunçylyk namalary işlenilp taýýarlanylandan soň Türkmenistanda gadym döwürlerden bäri altyn dänesin deňelýän bu gymmatly tebigy serişdäni toplumlaýyn dolandyrmagyň guraly işläp başlar.