Masdar kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar

Masdar kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan Masdar 100 MWt kuwwata eýe bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işleşmek hakyndaky Ylalaşyk baglaşdy. Munuň özi Masdar kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy bolar.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi gatnaşdy.

Ylalaşyga Abu Dabide Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatynyň çäginde Masdar-yň ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamel Al Ramahi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow gol çekdi.

Wise-premýer Çarymyrat Purçekow bu şertnamanyň Masdar-da uly we baý tejribe toplan gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy arkaly Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjydygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, bu şertnama Masdar bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen BAE arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi
Baýmyrat Annamämmedow senagat we gurluşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Serdar Berdimuhamedow Ç.Pürçekowy wise-premýer wezipesinden boşatdy
Türkmenbaşy etrabynyň “Çagyl” ýatagynyň magdanlaryndan demir oksidini almak meýilleşdirilýär
Ilatyň gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleriň arasynda, prezident 'Galkynyş' känine baryp gördi