Masato Kanda Aziýa Ösüş bankynyň prezidentligine saýlandy

Masato Kanda Aziýa Ösüş bankynyň prezidentligine saýlandy

Aziýanyň Ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi Masato Kandany bankyň 11-nji prezidenti wezipesine biragyzdan saýlady diýip, newscentralasia.net ýazýar.

59 ýaşly Kanda häzirki wagtda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň we maliýe ministriniň ýörite geňeşçisi bolup durýar. Ol täze wezipesine 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda girişer we bu wezipede Masasugu Asakawany çalşar.

Asakawa wezipäni geljek ýylyň 23-nji fewralynda terk eder. Kanda prezident Asakawanyň bu wezipede 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli dowam edýän möhletiniň galan ýolbaşçylyk ygtyýarlylyklaryny hem jemlär.

Jenap Kandanyň halkara maliýe ulgamyndaky uly tejribesi hem-de dürli edaralarda işleýärkä görkezen liderlik ukyplary onuň ykdysady meseleleriň aýgytly çözgüt talap edýän häzirki döwründe AÖB üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde bähbitli bolar. AÖB-niň dolandyryjylar geňeşi jenap Kanda bilen bilelikde işleşmäge sabyrsyz garaşýar diýip, Aziýa Ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we Italiýanyň Bankynyň ýolbaşçysy Fabio Panetta nygtady.

Tas kyrk ýyla barabar zähmet tejribesi bolan Kanda halkara söwdasy boýunça maliýe ministri wezipesini hem goşmak bilen, Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginde esasy wezipelerde işledi. Ol bilim we ylmy syýasat ulgamynda, şol sanda uniwersitet özgertmeleri babatda-da öňdebaryjy hünärmendir.

Masato Kanda G7, G20 we beýleki halkara forumlaryň işine işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn bank ösüşi, pandemiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, şeýle-de jogapkärçiligiň kabul ederlikli derejesini hem-de açyklygy üpjün etmek ýaly möhüm syýasy meseleleri çözdi.

Kanda 1987-nji ýylda Tokio uniwersitetinde hukukçy hünäri boýunça bakalawr hem-de 1991-nji ýylda Oksford uniwersitetinde ykdysadyýet magistri derejelerini aldy.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer
AÖB Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Aşgabatda AÖB-niň Türkmenistan üçin Strategiýasy maslahatlaşyldy
Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ykdysady ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar