Marynyň welaýat drama teatrynda belli destan özboluşly sahnalaşdyryldy

“Zöhre-Tahyr” dessany esasynda “Söýgi ummanynda küreksiz” diýen şahyrana at bilen goýlan oýun tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Aşyk-magşuklar barada halk hakydasynda galan eser Marynyň Kemine adyndaky welaýat drama teatrynda özboluşly usulda sahnalaşdyryldy. Ony Lebap welaýat drama teatrynyň režissýory Perhat Hudaýberenow goýdy.

Nusgawy şahyr Mollanepesiň ýazan “Zöhre-Tahyr” dessanynyň meşhurlygy Şekspiriň “Romeo we Julýetta” tragediýasyndan pes däl. Eseriň kynlygyna we onuň gözden geçirilişe hödürlenýändigine garamazdan režissýor esasay keşpleri ýaş aktýorlar G. Annahanowa bilen M. Bekmyradowa ynanmakdan çekinmändir, olar aşyk-magşuklaryň keşbini çeper beýan etmegiň hötdesinden gelipdirler. Aktýorlaryň sazlaşykly oýny, režissýoryň jüpüne düşen çözgütleri sahna eseriniň şowly çykmagyna getirdi.

Meniň pikirime görä, “Söýgi ummanynda küreksiz” oýny gözden geçirilişe gatnaşan sahna eserleriniň iň gowylarynyň biri.Oýun goýujy nakgaş M.Akmämmedowyň işini aýratyn belläsim gelýär.Sahna we saz bezegi dartgynly oýny has-da özüne çekiji edýär.

Marynyň welaýat teatrynyň döredijilik toparynyň üýtgeşik özboluşly oýny teatr sungatynyň ilkinji milli gözden geçirilişini jemledi, ol tematiki ugurlylygyna garamazdan, teatrlaryň repertuarlarynyň dürli-dürlidigine we döredijilik usullarynyň köpugurlydygyna şaýatlyk edýär, bu bolsa ýurdumyzda sahna sungatynyň ösüşiniň dürli ugurlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Žibek gazak eposy häzirki döwrüň sungat dilinde
23-nji aprel Halkara iňlis dili güni
Türkmenistanyň baş drama teatrynda Romeo we Julýetta atly sahna eseri görkezildi
Guýmagursak zehini ýatlap