Marynyň ruhy keselhanasynda hassalar hapaçylykda idegsiz, aç saklanýar

Marynyň ruhy keselhanasynda hassalar hapaçylykda idegsiz, aç saklanýar

Mary welaýatyndaky ýeke-täk ruhy keseller hassahanasyndaky şertler iňňän agyrlygyna galýar. Hassalar zerur medisina kömegini alyp bilmeýärler, olaryň saklanýan şertleri hem aýylganç bolup, adamlaryň hal-ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar.

Marynyň akyl hassahanasyndaky agyr ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna gönüden-göni habarly birnäçe çeşme gürrüň berdi. Olaryň sözlerine görä, bu keselhana getirilýän hassalara zerur ideg edilmeýär, däri-derman, bejergi meselesinden başlap, olaryň arassaçylygy we iýmitlenmegi kadaly berjaý edilmeýär.

"Käbir näsaglaryň açlygyna ýaňa ysgynlary ýok. Aklyny doly ýitirmedikler arasynda işgärlerden iýmäge çörek soraýarlar" diýip, çeşmeleriň biri görenlerini gürrüň berdi.

Bu hassahanadaky ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, býujetden goýberilýän serişdeler we maddy üpjünçilik örän gowşak bolup, ähli zerurlyklara ýetmeýär.

"Ýönekeý gigiena arassaçylyk üçin sabyn, soda, tualet kagyzy ýaly zatlar ýetmezçilik edýär. Azyk harytlary hassalary günde iki wagtyna naharlamaga zordan ýetýär. Ol hem günortanlyk we agşam nahary bolup, näsaglaryň hemmesine ýetmeýär, käbirini günüň dowamynda bir sapar naharlap bolýar" diýip, çeşme aýdýar.

Hassahanada saklanýan näsaglaryň yzlaryndan barýan hossarlaryň sözlerine görä, olaryň ellerine her sapar uly sanaw berilýär. Hassa üçin getirilmeli zatlaryň sanawynda arassaçylyk üçin zerur harytlar we azyk önümleri.

"Güýjüňiz ýetdiginden iýmit getirmegiňizi soraýarys" diýip, hassanyň yzyndan baranlara keselhanada aýdýarlar diýip, maryly söhbetdeşlerimiziň biri gürrüň berdi. Şeýle-de ol hassalaryň garyndaşlaryna hassahanadan jaň edilýändigini we hossarlarynyň yzyndan barmagyň soralýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Marylynyň saglygy saklaýyş pudakyndaky çeşme bolsa, näsaglaryň köpüsiniň yzyndan köplenç hiç kimiň barmaýandygyny, barsalar-da ýarym ýylda bir gezek baryp gaýdýandygyny belleýär.

Marynyň saglygy saklaýyş ulgamynda işleýän çeşmeleriň sözlerine görä, ruhy hassahanadaky maddy üpjünçiligiň gowşaklygy bilen bir hatarda käbir işgärleriň bar bolan serişdeleri hyýanatçylykly ulanmagy bilen bagly ýagdaýyň hem bardygyny belleýärler.

"Käbir işgärler ýag, şeker, un, et ýaly goýberilýän iýmit önümlerini öýlerine alyp gaýdýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Edil şeýle ýagdaý hassalar üçin niýetlenen dermanlara hem degişli.

"Näsaglara berilýän psihotrop dermanlaryndan alyp gaýdyp bilýän işgärler hem bar. Bu dermanlaryň ählisi hasapda durýar, düzüminde neşeli serişdeleriň bolmagy üçin şol dermanlaryň täsirine görä nyrhy hem üýtgeýär" diýip, çeşme aýdýar.

Marynyň ruhy keselhanasynda hassalaryň azabyny artdyrýan ýene bir ýagdaý olara bolan garaşyga degişli. Käbir işgärler hassalara gödek we hatda zalymlyk bilen çemeleşýär we adamlary gorkuda saklaýar.

"Dälihana getirilýän adamlary käbir işgärler zalymlyk bilen urýarlar, birnäçe günläp, aç we suwsyz goýup bilýärler. Hassalar bu işgärleri görenlerinde ýuwaş bolup, bukulyp başlaýarlar. Işgärleriň arasynda zalymlyk edýänler köpelýär. Administrasiýa bolýan zatlara gözüni ýumýar" diýip, ýagdaýdan habarly maryly saglyk resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosy Marynyň ruhy hassahanasynyň wekilleri we ýolbaşçylary bilen gepleşip bilmedi.

Hassahanadaky şertler we käbir işgärleriň ynsapsyzlygy barada aýdýan çeşmeler, hassalaryň garyndaşlarynyň arasynda hem ynsapsyz hereket edýänleriň bardygyna ünsi çekýärler.

"Käbir hassalaryň hossarlary şol näsag ýakynlarynyň maýyplyk pensiýasyny ulanýarlar, emma dälihanadaky hossarlaryndan habar tutmaýarlar" diýip, çeşme belledi.

Soňky ýyllarda ilatyň durmuş derejesiniň iňňän peselmegi zerarly öz hossarlaryny maýyplar, garrylar we ýetimler öýlerine tabşyrýanlaryň sany köpelýär.

Marynyň ruhy keselhanasyndaky agyr şertler baradaky habar Türkmenistanda halk köpçüligine elýeterli hasaplanýan medisina edaralaryndaky, keselhanalaryndaky maddy üpjünçiligiň gowşaklygy, içindäki hapaçylyk we derman ýetmezçiligi, işgärleriň gödekligi we para soraýandygy barada habarlaryň köpelen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň resmileri saglyk pudagyndaky problemalary açyk agzamaýar.

Medisina işgärleri bolsa aýlyklarynyň pesdigini aýdýarlar.

Marynyň ruhy hassahanasynyň işgärleriniň aýlyklary barada aýdylanda, lukmanlaryň zähmet haky 4 müň manat, şepagat uýalarynyň zähmet haky 2000 we 3000 manat aralygynda, arassaçylyk, hojalyk işgärleriniň we aşpezleriň zähmet haky ortaça 1500-1800 manat aralygynda.

Türkmenistanda ortaça aýlyk 2000 manat çemesi hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar
Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"
Aşgabatly komissiýa Balkanly lukmanlaryň görkünde kemçilik gördi, lukmanlar täze geýim almaga mejbur edilýär
Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaryň hossarlaryndan yzygiderli nahar getirmek talap edilýär’
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýraýar, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar
Arkadag mahabaty hassalary bejergi üçin täze şähere gatnamaga mejbur edýär