Marynyň polisiýasy ýörite geçelgelerden geçmeýän pyýadalary tutýar

Marynyň polisiýasy ýörite geçelgelerden geçmeýän pyýadalary tutýar

Mary şäherinde polisiýa işgärleri ýörite geçelgeden geçmeýän adamlary saklaýar. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, polisiýa işgärleri düzgüni bozanlary tutmak işini ýaşyryn, ýagny bukuda gizlenip, amala aşyrýar.

Maryda köçelerde ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalaryň arasynda garry adamlar we oba ýaşaýjylary köp bolýar diýip, maryly çeşmeler aýdýar.

"Häzir köp adam ýörite geçelgeden geçýär, emma etraplardan gelýän adamlar ony bilmeýär. Hasam garry adamlar. Olaryň gözi zordan görýär, pyýadalar üçin ýörite geçelgeler reňklenmeýär" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar düzgüniň berjaý edilmeginiň zerurlygy bilen doly ylalaşýandygyny, emma polisiýa işgärleriniň nägilelik döredýän hereketiniň olaryň görünmez ýaly ýerlerde bukulyp, adamlary tutmaga synanyşmagy we para soramagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

"Polisiýa şäherde adamlaryň çykaýjak ýerlerinde öz hususy awtoulagynda bukulyp oturyp, ýörite pyýada geçelgeden geçmedik adamlary saklaýar we polisiýa edarasyna äkidip jerime ýazýar" diýip, çeşmeleriň biri 10-njy fewralda habar berdi.

Mary şäherinde, esasan hem merkezi köçelerde pyýadalar üçin ýörite geçelgeleriň ençemesi bar. Emma käbir ýerde geçelgeleriň asla ýokdugyny, beýleki ýerlerde bar hem bolsa, bellikleriň könelip, öçüp gidendigini ýaşaýjylar belleýärler.

"Adamyň gözi gowy görýän hem bolsa, zordan 'peşehotmaý' diýip synlamaly bolýar. Köplenç zebra çyzygy asla görünmänsoň, adamlar ýoluň gyrasynda duran peşehod znagyň golaýyna baryp, ýoly kesýärler. Emma şonda-da polisiýa işgärleri 'sen aňyrrakdan ýa-da bärräkden geçdiň' diýip saklaýar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýene bir ýaşaýjy polisiýa işgärleriniň şu günler düzgün bozanlary tutmak işine örän aktiw girişendigini belleýär: "Polisiýa işgärleri ýörite geçelgeden geçmediň diýip, edil agyr jenaýatçyny saklan ýaly adamlaryň üstüne ylgaýarlar. Düzgün bozany saklamakçy bolup, ýoluň aňyry tarapyna ylgap barýan polisiýa işgärlerini görse bolýar. Olaryň özlerem ýörite geçelgeden geçmeýärler".

Marydaky çeşmeler polisiýanyň eline düşýän "düzgün bozujylaryň" arasynda garryja adamlaryň ýagdaýynyň has gözgynydygyny belleýärler.

"Hasam garryja adamlar köp saklanýar, sebäbi ýaşlar indi geçelgelerden geçýär.Garryja adamlar aýda, ýylda bir gezek daşary çykýar.Pensiýa ýaşyndaky adam geçelge bolmadyk ýerden köçeden geçende onuň yzyndan 3 sany polisiýa işgäriniň köçäniň geçelgesiz ýerinden ylgap, ony saklandygyny we yzyna alyp gelendigini gördüm.

Pensioner 'ogullar biz bilen işiňiz bolmasyn, onsuzam pensiýamyz az' diýse-de, polisiýa işgärleri 20 manat para soraýarlar, bolmasa polisiýa bölümine äkitjek diýýärler" diýip, maryly ýaşaýjy öz görenlerini suratlandyrdy we şeýle ýagdaýa duş gelen adamlaryň arasynda goşulyp, 'garryja adamlara degmäň' diýänleriň duş gelýändigini aýdýar.

Ýaňy-ýakynda polisiýa tarapyndan saklanan maryly pensionerler öýlerini seýrek terk edýändigini we köplenç pensiýasyny nagtlaşdyrmak ýa-da dokument işini sazlamak üçin çykýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan polisiýa işgäriniň sözlerine görä, işgärler gündelik planyny dolmaga borçly, şu sebäpden olar düzgüni bozan raýatlary gözläp tapmaly bolýarlar.

"Bize her güni 7-8 adamy saklap jerime ýazmak tabşyrylýar, bolmasa işi oňarmadyň diýip, çet ýerlere iş saparyna ugradýarlar" diýip polisiýa işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtda we welaýatlarda polisiýa işgärleriniň düzgüni bozmadyk sürüjileri hem-de pyýadalary saklap, dürli bahanalar bilen jerime ýazmagy we para soramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Pensionerleriň adyna kredit karzlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar
“Diridigini subut etmedik” lebaplylaryň onlarçasyna maý aýynyň pensiýasy we kömek puly berilmedi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär
Döwlet baştutanlary maslahat etdi, sanjym almadyk pensionerlere jerime salynýar