Marynyň polisiýasy para bermekden ýüz öwüren Süleýman Baýramgeldiýewi ýene yzarlaýar

Marynyň polisiýasy para bermekden ýüz öwüren Süleýman Baýramgeldiýewi ýene yzarlaýar

Marynyň ýaşaýjysy Süleýman Baýramgeldiýew we onuň maşgala agzalary ýene-de ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň basyşyna sezewar boldy. Süleýman birnäçe sagatlap tussag edildi, maşgalasyna haýbat atyldy. Polisiýa para bermekden ýüz öwüren bu adamyň yzygiderli yzarlanmagy daşary ýurtlardaky türkmen jemgyýetinde gahar-gazap döretdi. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýy öwrendi.

Süleýman Baýramgeldiýew 24-nji noýabr gijesinde ýene polisiýa äkidildi we soň boşadyldy. Onuň tussaglygy barada şol gün blogçy Farhat Durdyýew özüniň YouTube kanalynda habar berdi. Wideoda Baýramgeldiýewiň ejesi we aýaly polisiýadaky sorag edişligiň jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, polisiýa Süleýman Baýramgeldiýewi özleriniň şäher bölümine eltipdirler we oňa: "Geçen gezek aňsatlyk bilen sypdyň, Bu gezek beýle bolmaz, indi goýbermeris" diýipdir.

Baýramgeldiýew geçen gezek göni bir aý mundan öň tussag edilipdi. Marynyň ýaşaýjysy ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tomusdan bäri yzarlanýar. Bu ýagdaý onuň polisiýa işgärlerine para bermän, hukuklaryny talap etmeginden soň ýüze çykdy.

Baýramgeldiýewiň 24-nji noýabrda polisiýa tarapyndan alnyp gidilmeginden soň onuň aýalynyň hem ejesiniň-de şol ýere çagyrylandygy aýdylýar.Zenanlaryň sözlerine görä, olara haýbat atylypdyr, köp kemsidiji sözler aýdylypdyr.

Süleýman we onuň aýaly Günça Baýramgeldiýewa, olaryň yzarlanmagy barada öň köpçülige habar beren blogçy Farhat Durdyýewiň adyna kemsidiji çykyş etmäge mejbur edilip, wideo ýazga alnypdyr.Bu barada blogçynyň 24-nji noýabrda çap eden wideo habarynda aýdylýar.

Bolup geçen zatlar barada gürrüň beren Baýramgeldiýewiň ejesiniň we aýalynyň sözlerine görä, ýaş aýal huşuny ýitiripdir we polisiýa ony huşuna getirmek üçin tiz kömek çagyrmaga mejbur bolupyr. Şeýle hem olara blogçy bilen ýene gürleşseler, özleri üçin erbet boljagy duýduryldy we aýdyňlaşdyrmazdan birnäçe kagyzlara gol çekmäge mejbur edildi.

Habara görä, ejesi hem basyşlara we gorkuzmalara sezewar edilipdir. Onuň öz sözlerine görä, ol kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde aglap: "Bir oglumy ýitirdim, ikinjisini bermerin, soňuna çenli göreşerin" - diýipdir.

Ýatlatsak, 24-nji oktýabrda blogçy Farhat Durdiýew Baýramgeldiýewiň üç aýyň dowamynda ençeme gezek hiç bir sebäpsiz öýünden ýa-da köçeden polisýa alnyp gidilendigini we her gezek ýenjilendigini, rehimsiz we aşa kemsidiji gynamalara sezewar bolandygyny, onuň saglygyna zeper ýetendigini habar beripdi.

Süleýman Baýramgeldiýew tussag edilendigi baradaky habarlardan soň 25-nji oktýabrda boşadylypdy.Oňa konfiskasiýa edilen ulagy we telefony gaýtarylyp berlipdi, ýöne ol häkimiýet işgärlerine garşy hiç hili arzynyň ýokdugy hakynda dil hat ýazmaga mejbur bolupdy.

Oktýabr aýynda internetde peýda bolan wideoýazgyda birnäçe adam garşylyk görkezýän Baýramgeldiýewi ulaga zor bilen itekläp ýükleýär.

Bolan ýagdaý ýetip gelen dostunyň maşynynyň kamerasynda ýazga alyndy.

Blogçy Farhat Durdiýewiň maglumatyna görä, Süleýman Baýramgeldiýew bilen bilelikde onuň Goçmurad we Batyr atly dostlary hem tussag edilipdir. Olar agyr şertlerde saklanýar, olaryň yzyndan hatda azyk eltmäge-de rugsat berilmeýär diýlip, maglumatda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysy Ahmet Rahmanowyň sözlerine görä, Süleýman Baýramgeldiýewiň yzarlanmagy, türkmen aktiwistleriniň eden-etdilige garşy çykyş etmek üçin jebisleşmegine itergi bolupdyr.

"Bu, 'Agzybirlik Ruhy' türkmen koalisiýasynyň döredilmegine sebäp boldy. Hatda gapma-garşylyklary bar bolan adamlar hem toparlar birleşdi" - diýip, Ahmet Rahmanow aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň eden-etdiligi giňden ýaýran. Kanun goraýjy edaralaryň wekilleri ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanýarlar we açyk para alýarlar. Ilata berk gözegçilik, korrupsiýa, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň gödek depelenmegi, häkimiýet gurluşlarynyň dürli derejelerindäki yzygiderli basyşlar zerarly raýatlar özlerini goramak üçin ýol görmeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polisiýa para bermekden ýüz öwüren Marynyň ýaşaýjysyna elinden alnan awtoulagyny gaýtardy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Marynyň polisiýasy para bermekden ýüz öwüren Süleýman Baýramgeldiýewi ýene yzarlaýar
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi